"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Eşrete ulaşýar her bir günümiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Hakykatdan hem hoşniýetli goňşuçylyk, oňşukly ýaşamak, ynanyşmak we birek-birege ýardam bermek, parahatçylygy saklamak halkymyzyň gadymyýetden gelýän milli ýörelgeleriniň naýbaşysydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly çuňňur many-mazmunly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek biziň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýar. Parahatçylyk munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňamlara ýazan mukamydyr. Agzybirlik, abadanlyk döwletimiziň baş ýörelgesidir. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda bu ýörelgelere aýratyn üns berýär. Dünýä döwletleriniň gatnaşmaklarynda iri halkara taslamalaryny amala aşyrýar.

Dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy

Şu günler Garaşsyz Türkmenistan möhüm syýasy ähmiýetli çäräniň bosagasynda dur. Ýagny, tutuş türkmen halky ýene sanlyja günlerden geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna garaşýar. Üstümizdäki ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlanan bu saýlaw möwsümini üstünlikli geçirmek maksady bilen ýerlerde geçirilmeli ähli çäreler kanunçylyga laýyklykda bellenilen tertipde we möhletde talabalaýyk dowam etdirilýär. Geçen ýyl kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda ýurdumyzda döredilen iki palataly parlament ulgamynyň, ýagny, Milli Geňeşiň wekilçilikli palatasy bolan Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek işi biziň welaýatymyz boýunça-da guramaçylykly geçirildi. Kanuna laýyklykda welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary tarapyndan dalaşgärleriň jemi 18-si hödürlenildi we olary bellige almak mart aýynyň 7-sine çenli dowam eder. Olaryň hatarynda welaýatymyzyň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda asylly we tutanýerli zähmet çekýän ildeşlerimiz bar. Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek erkin we deňhukuklylyk, aýanlyk we açyklyk ýagdaýynda deň mümkinçiliklerde amala aşyryldy.

Halypalardan tälim alyp

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýär. Soňky ýyllarda sungat äleminde zehinli ýaşlaryň birnäçesi ýüze çykardy. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti Döwran Joraýewdir. Ol okuwy tamamlap, 2010-njy ýylda teatrda işe başlady. Ýaş artist işe başlan gününden Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejepow, tanymal artist Bagsere Röwşenowa ýaly ussatlary özüne halypa edinip, etmeli işlerini, döretmeli keşplerini olar bilen maslahatlaşdy. Oňa Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi ýaly beýik şahsyýetlerimiziň keşplerini döretmeklik ynanylýar. Ol halypalaryndan öwrenen döredijilik usul-tärlerini zähmete bolan söýgüsi bilen dowam edýär.

Kanunlaryň kämilligi — ösüşleriň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz ýaňy-ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen ýörite iş maslahatlaryny geçirip, döwlet durmuşyna dahylly möhüm meselelere seretdi hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Gahryman Arkadagymyz geçen penşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, ozal kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň kanuny binýadyny berkitmegiň, döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara alyp, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň aýdyň ugurlaryny görkezdi we oňyn netijeleri gazanmagyň anyk ýollaryny salgy berdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden taryhy çykyşy milli parlamentarileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda has-da tutanýerli hem-de netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary öz pikirlerini we ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Merdan Dosmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

Ýylymyzyň şygary — ýolumyzyň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjy esasynda güneşli Diýarymyzda garşy alynýan her ýyly ýörite şygara beslemek indi ýörgünli däbe öwrüldi. Bu şygarlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygy bilen ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler, beýik maksatlar aýdyň şöhlelenýär. Hut şuňa laýyklykda üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy biz — medeniýet-sungat işgärlerine toý-baýramlara beslenen ýubileý ýylymyzy zähmet üstünliklerine beslemegimize ruhy goldaw berýär. Mähriban halkymyzyň nurly çyragy bolan milli medeniýetimiz taryhy köklerini örän gadymyýetden alyp gaýdýar. Hut şu mynasybetli hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy we ýiti öňdengörüjiligi netijesinde milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny düýpli öwrenmek bilen, halkymyza täzeden ýetirmek üçin zerur işler geçirilýär. Taryhy we medeni ýadygärliklerimizi rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda netijeli işler ýola goýulýar.

Döredijilikli işlemek ― baş maksadymyz

Ata Watanymyzda ýetilýän belent sepgitleri, gazanylýan ýeňişleri dünýä ýaýmak, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini we syýasy bitewiligini, jebisligini yzygiderli pugtalandyrmak, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanýan zähmetkeş zenanlary maddy we ruhy taýdan goldamak, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen birleşigiň welaýat bölümi hem netijeli işleri, meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda merdana halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyny wasp etmeklige, halallygy, ahlaklylygy, zenan edep-terbiýesini ýaşlaryň arasynda ündemeklige, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen terbiýeçilik ähmiýetli çärelere aýratyn üns berýäris. Nesilme-nesil geçip gelýän milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň wagyz edilmegi bolsa tertipnamalaýyn işimiziň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde orta çykýar. Hut şuňa görä-de, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, gadymy ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, zenan el işleriniň gadymy nusgalaryny halkyň arasynda wagyz etmeklige bagyşlanan çäreleriň gerimi has hem giňeýär. Ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, şol sanda zenanlaryň konstitusion hukuklarynyň we erkinlikleriniň ber

Halaçda tegelek haly dokalýar

Geçen ýylda 9300 inedördül metre golaý haly dokap, ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň işine ezber gelin-gyzlary ýyllyk borçnamany 106 göterim amal etdiler. Olaryň ellerinden önen gözellik bolsa şuglasyny diňe bir ýurdumyza däl, Ýer ýüzüne çaýdy. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu ýerde işine ussat halyçylaryň onlarçasy zähmet çekýär. Aýnabat Derýaýewa, Akgül Hallyýewa, Gülendam Taňňyýewa, Bahargül Annaýewa ýaly «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen belent ada mynasyp bolan ussatlar halaçly zenanlaryň esasy kärine öwrülen gadymy senedi ýaş şägirtlerine hem geçirýärler. Kärhana täzelikde işe gelen gelin-gyzlar tejribeli halypalarynyň gadamyna gadam goşup, gözellik döredýärler.

Döwrebap şertlerden peýdalanyp

Ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, bilim edaralarynda täze, döwrebap mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegi netijeli we ýadawsyz işlemäge, Watanyň geljegi üçin kämil ýaşlary taýýarlamaga bolan höwesimizi has hem artdyrýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge giň ýoluň açylmagy hem bizi örän begendirýär. Bilim edaralarynyň häzirkizaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylmagy orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge, zehinli ýaşlaryň ýüze çykmaklaryna we olaryň kämilleşmeklerine şert döredýär. Biz hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barýarys. Bular dogrusynda ýanwar aýynda geçirilen usuly-amaly okuw maslahatynda hem etrabymyzyň tejribeli mugallymlarynyň täsirli çykyşlaryny diňledik. Etrabymyzdaky 38-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen şol maslahatda biz multimediýa tagtalaryndan, internet torundaky maglumatlardan we kompýuter programmalaryndan ýerlikli we netijeli peýdalanmak arkaly okuwçylaryň iňlis dili sapaklaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak meselesiniň üstünde aýratyn durup geçdik. Bilelikde tejribe alyşmaga uly mümkinçilik döreden bu maslahatda mugallymlar geçilýän mowzuga

Hem döwletliligiň,hem ömrüň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseriniň üçünji bölümini okanyňda, ylym-bilimiň hiç haçan sönmeýän çyragdygy baradaky hakykat aňyňda janlanýar. Adam ylym-bilim bilen ilkidurmuş ýaşaýşyndan tehnologiýalaryň eýýamyna çenli gelip ýetipdir. Ylym-bilim bilen garaňkylykdan ýagtylyga çykypdyr. «Aýdyň geljek» diýen düşünjäni kän ulanýarys. Ylymdyr bilim şol aýdyň geljege ýetirjek goşa ganatdyr. Hormatly Prezidentimiz ylymdyr bilimiň jemgyýetdäki iň uly mirasdygyny öňe sürýär. Bilimiň her zerresiniň altyna barabardygy baradaky rowaýat bolsa orta atylan pikirleri berkidýär.

Zamananyň belent waspy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Şol sanda milli medeniýetimizde hem oňyn özgertmeler bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerine, ynamyna jogap edip, biz — medeniýet işgärleri-de meýilleşdirýän işlerimiziň ýokary depginde amala aşyrylmagyny gazanmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri bu ugurda zähmet çekýän ildeşlerimiziň üstünlikleri nazarlaýan ýollarynda şamçyraga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy halkyň arasynda wagyz etmekde medeniýet, sungat işgärleriniň uly paýynyň bardygyny elmydama nygtaýar. Munuň özi bir tarapdan, ýurduň medeniýet-sungat işgärlerine bildirilýän belent ynam bolsa, beýleki bir tarapdan, milli Liderimiziň halkymyza bagyş eden ajaýyp zamanasynyň ösüşleriniň geljekde has-da uly gerimlere eýe boljakdygynyň anyk subutnamasydyr.

Röwşen döwrüň ganatynda

Sözleýiş medeniýeti kämil bolmagyň ilkinji şertleriniň biri bolsa gerek. Eýsem, sözleýiş medeniýetini nämeleriň üsti bilen kämilleşdirip bolar? Munuň üçin ilkinji çeşmeleriň biri çeper eserlerdir. Sözleýiş medeniýeti bilen çeper eserleriň arasyndaky baglanyşyk birnäçe ýyldan bäri meni özüne çekip gelýär. Şeýle bolansoň, mugallymlarymyň kömegi bilen bu baglanyşygy çuňňur öwrenmegi maksat edindim. Şeýdip hem «Sözleýiş medeniýetiniň kämilleşmeginde çeperçilik serişdeleriniň ähmiýeti» atly ylmy-taslama işime girişdim. Ylmy gözlegler üçin saýlap alan mowzugym mekdep okuwçysy üçin aňsat bolmasa-da, onuň jümmüşine siňdigimçe, özüm üçin garaşylmadyk täzelikleriň üstünden bardym. Her täzelik höwesimi, yhlasymy goşalandyrdy.

Jümle-jahan habarlary

Gyzjagaz dinozawryň yzyny tapdy

Hünärine dünýe haýran

Megerem, nepislik, näziklik we gözellik barada söz açylanda, türkmen gelin-gyzlarynyň we olaryň on barmagynyň hünäriniň göz öňüne gelmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Sebäbi eli çeper gelin-gyzlarymyzyň yhlasyny, paýhasyny jemläp döreden el işleri, owadan lybaslary, nepis halylary gymmaty egsilmeýän, sünnälenilen senet hökmünde asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Şu gymmatly mirasyň kemala gelmeginde we syntgylanylyp häzirki günlerimize gelip ýetmeginde türkmen zenanlarynyň hyzmatynyň juda uludygyna hiç haçan synmajak taryhy we edebi nusgalar şaýatlyk edýär. Häzirki günlerde gelin-gyzlaryň tahýasyna, köýneginiň ýakalaryna, kürte-çyrpylaryna, elbukjalaryna, erkek adamlar üçin niýetlenilen ezýaka köýnekleriniň ýakasyna we akgaýma tahýalaryna çekilen nepis keşdeler dünýäni haýrana goýýar. Keşde çekmek we haly dokamak gelin-gyzlaryň ýürek arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän inçe sungatdyr. Zenan maşgalalar öz el işlerine, nepis halylarynyň öwüşgini öçmejek göllerine gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de çuň mana ýugrulan pähim-parasadyny siňdirýärler. Bu asylly ýörelgäni mynasyp derejede dowam etdirmek bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şuňa görä biz çagalar we ýetginjekler döredijilik öýümize gatnaýan, el işlerine höwesjeň gyzlaryň ýaşlygyndan zähmet endikleriniň, ukyp-başarnyklarynyň artmagy ugrund

Kesbi-käri — nesillere nusgalyk

El hünärimiz bize ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp sungatdyr. Olaryň ruhy dünýäsiniň aň-paýhasynyň özboluşly beýany bolan el işleri arkama-arka dowam edip, häzir hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Ýurdumyzda el hünärini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesle ýetirmek üçin halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilip, bu ugurda birnäçe işler alnyp barylýar. Golaýda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, el hünärini ýaş nesle öwretmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «El hünärim ― nesillere dowamat» atly sergi guraldy. Oňa eli çeper halypalardyr okuwçy gyzlar hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Sergide zenanlarymyzyň el hünärleriniň welaýatymyza mahsus nusgalary ýaýbaňlandyryldy. El işleriniň sergisinde keçeler, kilimler, owadanlygyna taý gelmeýän ýüpek halylar bu ýere gelenleriň hiç birini-de biparh goýmady. Gadymdan galan nusgalyk el işlerine şu günki nesillerde söýgi, höwes döretmek, olara müň öwüşginli el hünärini öwretmek maksady bilen guralan sergä gatnaşan zenanlar ýaş gyzlara ik egirmek, gelin-gyzlaryň lybaslarynyň biçüwi, gurama düşekçäniň guralyşy, halydyr kilimleriň dokalyşy, keçe basylyşy we elbukjalarynyň dürli görnüşleriniň taýýarlanylyşy barada düşünje berdiler. Bu işleri öwrenmäge höwesek gyzlarda sergi diýseň uly täsi

Saglyk size ýaran bolsun!

Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň! Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň! Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!

Güller bilen bäs edişer gözeller

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde geçirilen «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşigi uly ruhubelentlige beslendi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň sahna ussatlygyny, ukyp-başarnygyny we el işlerine ezberligini ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl yzygiderli geçirilýär. Owadan güller bilen bezelen baýramçylyk sahnasynda çykyş eden talyp gyzlar bäsleşigiň birinji şerti boýunça aýdym aýtmakda, şygyrlary labyzly okamakda, monologlary, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, gözel tebigatymyzyň, dost-doganlygyň waspy giňden beýan edildi. Bäsleşigiň ikinji şerti boýunça talyp gyzlar milli naharlarymyzyň jana şypalysy hasaplanylýan unaşy kesmekde özara bäsleşdiler. Şeýle-de bäsdeşler üçünji şerte laýyklykda keşde çekmek, jorap örmek, jähek salmak, alaja işmek, haly dokamak, gaýma gaýamak boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Biri-birinden owadan, nepis sünnälenilen el işleri zenan kalbynyň gözelligini ýatlatdy.

Aşgabat gündogaryň merjen şäherine öwrülýär

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimiz binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy ulgamynyň işi kämilleşdirilýär

25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.

Ösüşiň röwşen ýoly bilen

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Döwrebaplygyň kämil binýady

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.