Kanunlaryň kämilligi — ösüşleriň berk binýady

1 Mart 2021
708

Hormatly Prezidentimiz ýaňy-ýakynda ähli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen ýörite iş maslahatlaryny geçirip, döwlet durmuşyna dahylly möhüm meselelere seretdi hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy. Gahryman Arkadagymyz geçen penşenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda olaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, ozal kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmegiň kanuny binýadyny berkitmegiň, döwletimiziň, jemgyýetimiziň we her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara alyp, milli kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň aýdyň ugurlaryny görkezdi we oňyn netijeleri gazanmagyň anyk ýollaryny salgy berdi. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden taryhy çykyşy milli parlamentarileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda has-da tutanýerli hem-de netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary öz pikirlerini we ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Merdan Dosmedow,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty: