"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglyk size ýaran bolsun!

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren kabul edişlikleri

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Sebitleýin howpsuzlyk we durnuklylyk hem-de şunuň bilen baglylykda goňşy Owganystana kömek bermek baradaky meselelerde hyzmatdaşlyk etmek aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parahatçylygyň we ruhubelentligiň sazlaşygy

Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama goňşy halklar bilen parahatçylykly ýaşaşmagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryny yzygiderli gözläpdir. Halkymyzyň ýakyn-u-alys ýurtlara tarap uzadan dostluk gollary, guran ýollary barada söz açylýan taryhy deliller, rowaýatlardyr ýazuw çeşmeleri-de uzak ýyllaryň dowamyndan bäri hakydalarda ýaşaýar. Olaryň biri-de meşhur «Şükür bagşy» eseridir. Eseriň baş gahrymany Şükür bagşynyň öz agasyny ýesirlikden boşatmak üçin parahatçylykly ýoly saýlamagy, ýagny, eline ýaragyň deregine dutaryny alyp ýola düşmegi türkmen halkyna tüýs mahsus häsiýetdir. Türkmen dutarynyň, sazyň gudratyna ýürekden ynanan Şükür bagşynyň bu ädimi ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyksöýüjilik meýilleriniň, dürli çylşyrymly meseleleri parasatlylyk bilen çözmäge ymtylmak ýaly asylly däpleriniň şöhlelenmesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda dana we pelsepewi pikirler näçe diýseň bar.

Täzelikler

Welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda geçen ýylky hasyly gaýtadan işlemek bilen birlikde ekiş üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar. Şu döwre çenli taýýarlanylan gowaça tohumy 13 müň tonna golaý boldy. Üstümizdäki ýylda welaýatymyz boýunça 130 müň gektar meýdana gowaça ekiler. Şonça meýdanda ekiş geçirmek üçin tohumlyk gowaça çigidiniň 15 müň tonna golaýyny taýýarlamak meýilleşdirilýär. Şu möwsümde ekin meýdanlaryna gowaçanyň «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2006», «149 F» we «Jeýhun» ýaly görnüşleri ekiler. * * *Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Darganata etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Bilimli ýaşlar — ak geljege badalga» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

Derwaýys meselelere seredildi

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda welaýat «Ene mähri» merkezinde «Millilige ýugrulan ömür dowamatymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Milli däp-dessurlarymyzyň gymmatyny ýitirmezlik, maşgala mukaddesliginiň belentliginde bolmak dogrusyndaky çykyşlar çäräniň esasy özenini düzdi. Çärede çykyş edenler milli däp-dessurlarymyzy we milli lybaslarymyzy asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek, halal zähmet çekip, maşgala ojaklarynda asudalygy, agzybirligi saklamak barada täsirli gürrüň etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen ýurdumyzda zenanlar, ýaş maşgalalar barada çynlakaý alada edilýändigi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaş maşgalalaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilýändigi dogrusynda hem durup geçdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyza il asudalygyny, ýurt abadançylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak barada amala aşyrýan beýik işleri üçin alkyş aýdyldy.

Nagt däl hasaplaşyklaryň döwrebap mümkinçilikleri

Bank ulgamyny döwrebap ösdürmekde aýratyn orunlaryň biri nagt däl hasaplaşyklara degişlidir. Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boyunça ençeme işler geçirilýär. Ýurdumyzyň karz edaralary ylmyň iň soňky gazanan üstünliklerini we döwrebap usullaryny peýdalanyp, raýatlarymyza bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan nagt däl hasaplaşyklaryň giň mimkinçiliklerini hödürleýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hem oňyn täsirini ýetirýär.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň diplomatiýasy — onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutalag haty bilen ýüzlendi. Onda: «Türkmenistan bu gün kuwwatly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, aýdyň geljege tarap ynamly barýar. Baky Bitarap döwletimiziň parahatçylykly hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur şertleri döretmeklige gönükdirilendir» diýlip bellenilýär. * * *Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylda ýurdumyzda iň gowy etrap diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ähli ilatyna Gutlag hatyny iberdi. Onda: «Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça öz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Şu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin biziň ählimiz yhlas bilen tutanýerli zähmet çekmelidiris» diýlip nygtalýar.

«Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!»

Hormatly Prezidentimiziň meşhur şygryndan alnan şu ýekeje setir bugdaýa mahsus aýratynlygy doly beýan edýär. Bu şygryň beýleki setirlerinde nygtalyşy ýaly, bu «umman», «Ýeriň mährinden, Arşyň rehmetinden, jepakeş iliň zähmetinden» döreýär. Onsoň biziň halkymyzda hoş sözüň, gül meňziň bugdaýa deňelmegi ýönelige däl. Farap etrabynyň ekin meýdanlary Amyderýanyň sag kenaryndan başlap, gündogardaky ümmülmez giňişliklere çenli uzaýar. Şu günler olaryň käsinde täze hasylyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görlüp ýörülse, käsinde eýýäm ekişe girişilendir. Beýleki bir atyzlardaky ýaşyl maýsalar bolsa heniz fewral tamamlanmanka, ýaz ýakymyny bagyşlaýar. Bu işjeňlik etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde hem göze ilýär.

Ýyllar şöhrata beslenýär

«Ýylyň gelşi äheňinden belli» diýlişi ýaly, Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem ýurduň röwşen geljeginiň hatyrasyna gönükdirilen beýik tutumlary we anyk maksatlary alyp geldi. Bu bolsa watandaşlarymyzyň her biriniň köňül buýsanjyny joşduryp, ýagty ertirleriň hatyrasyna alnyp barylýan beýik işlere öz mynasyp goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar. Garaşsyzlygyň soňky ýyllarynda geçilen her bir menzil, taryhy ähmiýetli wakalar ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Muny biz durmuşyň her bir ulgamynda öňe sürülýän halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijesinde hem görýäris.

Guwandyryjy netijeler — täze belentliklere badalga

Gü­neş­li Diýarymyzyň şä­herlerinde we obalarynda hyzmat edýän, halkara ül­ňü­le­rine laýyk gelýän ýokary hilli awtobuslar, taksiler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç, ka­na­gat­lan­ma duýgusyny dö­redýär. Bu ulgama iň ýokary hilli ulaglaryň yzygiderli satyn al­nyp, halkyň hyzmatyna hö­dürle­nilmegi şä­herara we şä­heriçi gatnawlarynyň ýokary derejede ýola goýulmagyna ýardam berýär. «Türk­me­naw­tou­lag» agent­li­gi­niň «Le­bapaw­tou­lag» önüm­çi­lik bir­le­şi­gin­de hem bu ugur­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Kär­ha­na­da we oňa de­giş­li eda­ra­lar­da halk ho­ja­ly­gy­na aw­tou­lag hyz­ma­ty­nyň äh­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça döw­re­bap we üz­nük­siz hyz­mat et­mek ug­run­da­ky iş­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.

Size saglyk ýaran bolsun!

Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň! Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary içiň!

Bagtly mekanyň buýsanjy

Halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik we ynsanperwerlik baradaky gadymy ýörelgelerine, köpasyrlyk ösüşiň taryhy tejribesine we medeni däplerine esaslanýan baky Bitaraplygymyz ählumumy parahatçylygy hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu hukuk derejesi bütin dünýäde türkmen dostanalygyny, milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlaryny giňden dabaralandyrýar. Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýän tutumly işleriň her biri halkymyzyň bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmeklige gönükdirilýär. Ata-babalarymyzyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde toplan gymmatly tejribesi hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde üstünlikli dowam etdirilýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de onda görkezilenleri amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň hem buýsançly başyny Göge ýetirdi. Çünki ösüp gelýän ýaş nesli ylymly-bilimli, watansöýüji, päk ahlakly, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ösüşlere beslenýän döwrümiziň talabydyr. Bu bolsa biz — bilim işgärlerinden hem uly jogapkärçiligi talap edýär.

Ilatyň saçagyna — ter önümler

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere ýol salýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barha rowaçlanýar. Ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ýerli çig malyň esasynda işleýän önümçilikleri köpeltmek ýaly ugurlaryň ösüşi döwrüň talaplary bilen sazlaşýar. Etrabymyzyň obasenagat düzümi has kämilleşdi, döwrebap önüm öndürýän kärhanalaryň hasabyna olaryň üsti ýetirilýär. Şolaryň birisi «Parahat» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ýokary hilli guş etiniň 500 tonnasyny we 2,5 million sany ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumydyr. Häzirki wagtda onuň önümleri tutuş welaýatymyzyň ilatyna ýetirilýär. Häzirki wagtda etrabymyzyň çäginde hususy daýhan we ýyladyşhana hojalyklarynyň onlarçasynda gök, bag-bakja we beýleki azyklyk ekinleriň bol hasyly ýetişdirilýär. «Azatlyk», «Parahat», «Jeýhun», «Dostluk» daýhan birleşiklerinden telekeçilere bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde döredilen 60 tonnadan başlap 2000 tonna çenli önüm ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhanalar görenleri guwandyrýar. Olaryň pomidordyr hyýar ýaly önümleri ilatyň saçaklaryna gyşyn-ýazyn ýetirilip dur. Aýratyn-da, welaýat merkeziniň alkymynda ýerleşen «Dostluk» daýhan birleşiginiň çäginde ýyladyşhanalaryň uly toplumy döredildi. Olaryň arasynda «Alty

Ussatlyk ýoly

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň welaýat şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda muzeýiň sergiler zalynda tanymal nakgaş Rahmangeldi Akmämmedowyň dürli ýyllarda döreden sungat eserlerinden ybarat «Halypalyk ýoly — ussatlyk ýoly» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Rahmangeldi Akmämmedow — türkmen nakgaşçylyk sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan ussat suratkeş. Muny sergidäki eserler hem subut edýär. Olar ynsany türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligine syýahata alyp gidýär. — Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Rahmangeldi Akmämmedowyň eserlerinde türkmeniň myhmansöýerlik däpleri, tebigatymyzyň gözel keşbi sazlaşykly suratlandyrylýar. Obada önüp-ösensoň, oba durmuşy bilen bagly eserler hem halypa nakgaşyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýleki nakgaşlarda bolşy ýaly, Rahmangeldi aganyň döredijiligi hem köptaraply. Onuň döredijiliginde ýaşaýyş-durmuşymyzdaky pursatlara bagyşlap döredilen peýzaž, portret eserleri näçe diýseň bar. Men Rahmangeldi aga «Halypa» diýip ýüzlenýärin. Sebäbi ol maňa sungatyň inçe syrlaryny öwretdi. Onuň eserleri ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir — diýip, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Baltaýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Hereketiň sazlaşykly bolmagy üçin

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketini howpsuz guramaga, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga berk talap bildirýär. Öňde goýlan jogapkärli wezipelerden ugur alyp, bölümçämizde netijeli işler alnyp barylýar. Şonda hereketi sazlaşykly guramak üçin köçeleri zerur ýol belgileri we enjamlary bilen üpjün etmäge uly üns berilýär. Golaýda welaýat merkeziniň Azatlyk we Zelili köçeleriniň çatrygynda sazlaýjy enjam oturdyldy. Munuň özi awtoulaglaryň hereketini bökdençsiz guramakda ähmiýetli boldy. Bölümçäniň gündelik işinde köçelerde hereketiň ýygylygyny nazarda tutup, degişli çözgütlere gelinýär. Ýakynda şäherimiziň Garaşsyzlyk köçesiniň Nurmyrat Saryhanow we Ak bugdaý köçeleriniň aralygyndaky böleginde awtoulaglaryň birtaraplaýyn hereketi ýola goýuldy. Şeýle-de Nurmyrat Saryhanow köçesiniň bir böleginde iň ýokary tizligiň çägi sagatda 40 kilometr diýlip bellenildi we degişli gadagan ediji belgi oturdyldy.

Elektron senagaty önümçiliginiň ösüşine giň gerim berilýär

15-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Uçarmansyz uçýan enjamlaryň merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere gelende, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berdi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiden hat geldi. Onda: «Iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Irfan Ahmedi Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim» diýlip bellenilýär.* * *16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmedi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alşyldy.

Önüm­ler­de iş­çi yh­la­sy bar

Dok­ma se­na­ga­ty ýur­du­my­zyň se­na­gat top­lu­my­nyň wa­jyp pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da döw­re­bap en­jam­laş­dy­ry­lan, ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry özün­de jem­le­ýän kär­ha­na­la­ryň birnäçesi we­la­ýat­la­ryň çäk­le­rin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Şo­la­ryň bi­ri hem Türk­me­na­bat­da ýer­leş­ýän pa­myk eg­ri­ji fab­rik­dir. Dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň gi­den bir ha­ta­ry bu gün­ki gün we­la­ýa­tyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­ne uly go­şant goş­ýar. Pu­dak­da­ky hä­zir­ki ösüş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da we­la­ýat­la­ryň äh­li­si­ni gy­ra­deň ös­dür­mek ba­ba­tyn­da ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň ro­waç­ly­gy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lup dur­ýar. Bäs­le­şi­ge ukyp­ly döw­re­bap önüm­çi­lik dü­zü­mi­niň eme­le gel­me­giniň ne­ti­je­sin­de dok­ma önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi soň­ky ýyl­lar­da on­lar­ça es­se art­dy. Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­re dün­ýä ba­zar­la­ryn­da hem uly is­leg bil­dir­ýär­ler.

Dalaşgärler hödürlenilýär

Şu günler welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu syýasy çäräniň guramaçylykly, kanunçylykda bellenilen tertipde we möhletlerde geçirilmegi ugrunda aladalanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Şu güne çenli welaýat halk maslahaty, Köýtendag, Döwletli, Darganata, Saýat, Farap, Dänew, Çärjew etrap halk maslahatlary we Türkmenabat şäher halk maslahaty tarapyndan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler görkezildi.

Täzelikler

Türkmenabat şäherinde ilaty et we et önümleri, şöhlat bilen üpjün edýän dükanlaryň ýene birisi işe girizildi. Ol «Wilant, S» hususy kärhanasyna degişli dükandyr. Dükanyň çäginde önümçilik sehiniň hem ýerleşmegi ter önümleri dessine alyjylara hödürlemäge mümkinçilik berýär. Welaýat merkeziniň ilaty suw-sport toplumynyň golaýyndan geçýän köçäniň ugrunda ýerleşen onlarça hususy söwda kärhanalarynyň arasynda işläp başlanyna ýaňy bir aý bolup barýan, ýöne eýýäm ýokary hilli önümleri bilen adygan işewürlere öz hoşallyklaryny aýdýarlar. Daşary ýurtlaryň önümçilik tehnologiýalaryndan peýdalanylýan önümçiligiň ýola goýulmagynyň netijesinde her günde kakadylan, gaýnadylan şöhlatlaryň hem-de et we et önümleriniň onlarça görnüşleriniň 0,5 tonna golaýy ilata hödürlenilýär. Hususy kärhana mallary idetmek üçin Farap etrabynda ýörite öz hojalygyny hem döretdi.* * *Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda Türkmenabat pagta egriji fabriginde «Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.