Derwaýys meselelere seredildi

19 Fewral 2021
717

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda welaýat «Ene mähri» merkezinde «Millilige ýugrulan ömür dowamatymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Milli däp-dessurlarymyzyň gymmatyny ýitirmezlik, maşgala mukaddesliginiň belentliginde bolmak dogrusyndaky çykyşlar çäräniň esasy özenini düzdi. Çärede çykyş edenler milli däp-dessurlarymyzy we milli lybaslarymyzy asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek, halal zähmet çekip, maşgala ojaklarynda asudalygy, agzybirligi saklamak barada täsirli gürrüň etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen ýurdumyzda zenanlar, ýaş maşgalalar barada çynlakaý alada edilýändigi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaş maşgalalaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilýändigi dogrusynda hem durup geçdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyza il asudalygyny, ýurt abadançylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak barada amala aşyrýan beýik işleri üçin alkyş aýdyldy.

Rüstem UMIROW,
welaýat «Ene mähri» merkeziniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.