Dalaşgärler hödürlenilýär

17 Fewral 2021
973

Şu günler welaýatymyzda üstümizdäki ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu syýasy çäräniň guramaçylykly, kanunçylykda bellenilen tertipde we möhletlerde geçirilmegi ugrunda aladalanylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär.

Şu güne çenli welaýat halk maslahaty, Köýtendag, Döwletli, Darganata, Saýat, Farap, Dänew, Çärjew etrap halk maslahatlary we Türkmenabat şäher halk maslahaty tarapyndan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler görkezildi.

Döwlet JUMADURDYÝEW.