Parahatçylygyň we ruhubelentligiň sazlaşygy

19 Fewral 2021
818

Agzybirlige, jebislige uly hormat goýýan milletimiz elmydama goňşy halklar bilen parahatçylykly ýaşaşmagyň, özara ynamly hyzmatdaşlyk köprülerini gurmagyň ygtybarly usullaryny yzygiderli gözläpdir. Halkymyzyň ýakyn-u-alys ýurtlara tarap uzadan dostluk gollary, guran ýollary barada söz açylýan taryhy deliller, rowaýatlardyr ýazuw çeşmeleri-de uzak ýyllaryň dowamyndan bäri hakydalarda ýaşaýar. Olaryň biri-de meşhur «Şükür bagşy» eseridir. Eseriň baş gahrymany Şükür bagşynyň öz agasyny ýesirlikden boşatmak üçin parahatçylykly ýoly saýlamagy, ýagny, eline ýaragyň deregine dutaryny alyp ýola düşmegi türkmen halkyna tüýs mahsus häsiýetdir.

Türkmen dutarynyň, sazyň gudratyna ýürekden ynanan Şükür bagşynyň bu ädimi ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyksöýüjilik meýilleriniň, dürli çylşyrymly meseleleri parasatlylyk bilen çözmäge ymtylmak ýaly asylly däpleriniň şöhlelenmesidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda dana we pelsepewi pikirler näçe diýseň bar.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.