Eşrete ulaşýar her bir günümiz

1 Mart 2021
1781

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Hakykatdan hem hoşniýetli goňşuçylyk, oňşukly ýaşamak, ynanyşmak we birek-birege ýardam bermek, parahatçylygy saklamak halkymyzyň gadymyýetden gelýän milli ýörelgeleriniň naýbaşysydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly çuňňur many-mazmunly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek biziň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýar. Parahatçylyk munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Sag-salamatlyk, abadan durmuş köňülleriň heňňamlara ýazan mukamydyr. Agzybirlik, abadanlyk döwletimiziň baş ýörelgesidir. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda bu ýörelgelere aýratyn üns berýär. Dünýä döwletleriniň gatnaşmaklarynda iri halkara taslamalaryny amala aşyrýar.

Abdyresul ABDYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndakyTürkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.