Döwrebap şertlerden peýdalanyp

1 Mart 2021
1230

Ýurdumyzda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, bilim edaralarynda täze, döwrebap mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegi netijeli we ýadawsyz işlemäge, Watanyň geljegi üçin kämil ýaşlary taýýarlamaga bolan höwesimizi has hem artdyrýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýaşlara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge giň ýoluň açylmagy hem bizi örän begendirýär. Bilim edaralarynyň häzirkizaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylmagy orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge, zehinli ýaşlaryň ýüze çykmaklaryna we olaryň kämilleşmeklerine şert döredýär.

Biz hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli alyp barýarys. Bular dogrusynda ýanwar aýynda geçirilen usuly-amaly okuw maslahatynda hem etrabymyzyň tejribeli mugallymlarynyň täsirli çykyşlaryny diňledik. Etrabymyzdaky 38-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen şol maslahatda biz multimediýa tagtalaryndan, internet torundaky maglumatlardan we kompýuter programmalaryndan ýerlikli we netijeli peýdalanmak arkaly okuwçylaryň iňlis dili sapaklaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak meselesiniň üstünde aýratyn durup geçdik. Bilelikde tejribe alyşmaga uly mümkinçilik döreden bu maslahatda mugallymlar geçilýän mowzuga laýyklykda dürli tanyşdyrylyş sapaklaryny guramagyň has hem ähmiýetli bolýandygyny bellediler. Şeýle hem biz ýaşlara dil öwretmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwrebap okuw we görkezme esbaplaryny ulanmak arkaly sapagyň täsirliligini artdyrmak meseleleri boýunça hem özara pikir alyşdyk. Mugallymlar sapaklary döwrebap usullary peýdalanmak arkaly guramagyň, bilim maglumatlaryny çuňňur özleşdirmegiň, nazary we tejribe okuwlaryny artdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Gunça KLYÇEWA,
Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.