Hormatly Prezidentimiziň adamzadyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer işlerini beýan edýän «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly eserinde «Milletiň saglygy özünde jemgyýet we döwlet üçin esasy serişdäni hem-de hakyky gymmatlygy jemleýär» diýen ajaýyp jümle bar. Ol ynsan saglygy barada çuňňur garaýyşlary özünde jemlemek bilen dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň many-mazmunyny doly açyp görkezýär. Bu ýörelge döwlet syýasatynda ileri tutulýan wezipe bolmak bilen, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulanmagyny gazanmaklyga gönükdirilýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan uly üstünlik bolsa, biziň bilşimiz ýaly, ilatyň kesellemeginiň we ýurtda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakdyr. Hut şu maksat bilen Ýer ýüzünde häzirki wagtda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, täze wirusyň döredýän ýiti ýokanç keseliniň döwletimiziň çäklerine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän öňüni alyş çäreleri we işleri ýokary depginde dowam edýär. Dünýäde adamzadyň saglygyna uly täsir edýän bu ýiti ýokanç keseliniň dörändigi hakynda maglumatlaryň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzda gyssagly degişli çäreler görüldi. Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda bu keseli döredýän ýokanjyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmegine we ýaýramagyna ýol bermezlik maksady bilen, öňüni alyş çäreleri işlenilip düzüldi. Bu işler häzirki wagtda hem ýurdumyzyň ähli ýerinde yzygiderli dowam etdirilýär.