Täzelikler

10 Fewral 2021
1384

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň ýanynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Gurluşygy daşary ýurtly meşhur kompaniýalaryň gatnaşmaklarynda milli hünärmenlerimiz alyp barýarlar. Bu desga welaýatyň çäginde ozal ulanylmaga berlenleriniň arasynda has kuwwatlysy bolar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň esasy çeşmeleriniň birisi elektrik energiýasynyň bolelin öndürilmegi bilen baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zerurlyklaryň biri bolan elektrik energiýasynyň ýeterli ätiýaçlyk gorlary hem döredildi. Hut Lebap welaýatynda hem elektrik desgalary dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede döwrebaplaşdyryldy, täze elektrik stansiýalary we beketler işe girizildi, ýene-de möhüm taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzdaky döwrebap elektrik desgalary eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň artmagyna hem uly goşant goşýar. Gurluşygyna 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berlen elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýene-de güýçlenmegine ýardam berer.
* * *
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda «Müň däne» hususy kärhanasynda ýaş hususyýetçiler bilen duşuşyk maslahaty geçirildi.