"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — rowaçlygyň we bagtyýar çagalygyň ýurdy

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk we begenç duýgusyny döretdi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkezi Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Şol gün hem bu ýerde ýaşajyk türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda ajaýyp baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Meýdançanyň merkezinde depesi “2025” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz, dürli öwüşgindäki yşyklar we oýunjaklar bilen bezelen belent arça oturdylypdyr. Beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ertekiler dünýäsi emele getirilipdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy birek-biregi ýetip gelýän täze — 2025-nji ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Walentina Matwiýenko türkmen halkynyň Milli Lideriniň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny aýratyn belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi täze — 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny üstünlikli jemleýän häzirki günlerimizde Siziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyňyzyň ilkinji nusgasyny elimize aldyk. Täze kitabyňyzyň neşir edilmegi mynasybetli Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly gollanma boljak şeýle eserleriňiziň höwrüniň köp, döwet galamyňyzyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde alyp barýan döwletli tagallalaryňyz rowaç bolsun!

Baýramçylyk dabarasy

Hoş geldiň Täze ýyl bagtyýar ile Düýn Mary etrabynyň Peşanaly şäher medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalara sowgat gowşurylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Geçmişiň buýsançly kelamy Ýakynda welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen dabara welaýat, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Täze ýyl baýramynyň dabaralary

Arzuwlaryň şowhunly toýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmen halky 2025-nji ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti we ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýünde “Tarypyň dillerde dessan, eziz Watanymyz jan Türkmenistan!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda medeniýet işgärleri aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Bildirişler

Jumageldi Öwezgeldiýewiç Nazarowyň adyna berlen “Elwes Mikro F” kysymly gözegçilik-pulhana abzalynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Möhüm meselelere seredildi

23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!

Bagtyýarlygyň mekany

Bagt nuruny saçýan arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly ösüşlere eýe bolunýar. Ata Watanymyzyň bagy-bossanlyga öwöwrülmegi, döwrebap binalaryň gurulmagy bilen ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşulýar. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri-de Arkadag şäheridir.

Ajaýyp kitaby okap...

Şöhratly geçmişimiziň beýany Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat edýän ajaýyp kitaplary ruhy gymmatlygymyzyň has-da baýlaşmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň dürli ugurlara degişli gymmatly kitaplary okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär.

Ýeňişli ýylyň buýsanjy

Üstünlige beslenen menziller Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýokary zähmet ýeňişleri, belent sepgitleri we taryhy wakalary bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly tamamlanyp barýar. Geçilen menzillere, ähli ugurlarda gazanylan netijelere ser salmak abadan geljegimize özboluşly badalga bolýar.

Gapymyzda ýene bir toý

Aýdymlar ýaňlansyn dilde-dahanda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünliklerden, toý şatlygyndan ruhlanýan halkymyz ýene sanlyja günden täze ýyla gadam basýar. Geljek — 2025-nji — Täze ýyly süýji arzuwlar bilen garşylamaga uly höwes bilen taýýarlanýan ruhubelent halkymyzyň toý şatlygy goşalanýar. Üstümizdäki — “Pähim- -paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy wakalara, şanly senelere, toýdur baýramlara baý bolandygy bize ruhy güýç berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň çap bolup çykmagy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp “Magtymguly” diýen täze kitabyň çapdan çykmagy, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň Arkadag şäherinde şatlyk-şowhun bilen ýokary derejede bellenilmegi ýokarda aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.