"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sanly bilim ulgamynyň döwrebap mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň elektron tilsimatlary gündelik durmuşda ulanmakda, täze tehnologiýalary özleşdirmekde, ornaşdyrmakda işjeňlik bilen tapawutlanýandygyny aýratyn bellemek bolar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwletimiziň ähli bilim ojaklarynda “Sanly bilim ulgamy” atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesiller, olaryň durnukly bilim almagy hakynda hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi barada tagalla edýärler. Bu bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşlere beslenmegini üpjün edýär. Tehnologiýanyň ösmegi bilen,

Watanymyzyň buýsanjy — bilimli ýaşlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimiz, halkymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär, ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary ýaş nesillere öwretmek, olaryň bilimli bolmagyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerýän ýaşlar watansöýüji, il-güne wepaly nesiller bolup kemala gelýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýar. Ajaýyp döwrümizde ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. Şunda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek hem-de milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini wagyz etmek arkaly sagdyn, ýokary ahlakly, bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda döwletli işler amala aşyrylýar.

Ylym-bilimiň ösüşi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry sanly bilimi we ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň elektron tilsimatlary gündelik durmuşda ulanmakda, täze tehnologiýalary özleşdirmekde, ornaşdyrmakda işjeňlik bilen tapawutlanýandygyny aýratyn bellemek bolar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwletimiziň ähli ýokary, orta hünär we orta okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Ýokary derejeli hünärmenler

Berkarar Watanymyzda beýik işler dowamat dowam bolýar, ajaýyp zamanamyza mahsus başlangyçlaryň, aklyňy haýran edýän işleriň gerimi barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, maslahatlarda ata Watanymyzyň şöhratyna şan goşýan, il-günüň rowaçlygyny, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler, wezipeler bellenilýär, olary durmuşa geçirmegiň ýollary kesgitlenilýär. Oba hojalygynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda gazanylan netijeler, elektrik energiýasyny öndürmekde, nebit-gaz çykarmakda, magdan däl önümleriň önümçiliginde eýe bolnan sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar. Arkadagly Serdarymyz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýagny onuň köp pudaklaýyn we önümleýin ösdürilmegine uly üns berýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen, ekologik taýdan arassa gaýtadan işleýän senagat kärhanalary yzygiderli işe girizilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini dürli ugurlarda ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär.

Bilim — biziň bagtymyz

Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynda bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy ýurtlaryň bilim beriş ülňülerine gabat gelýän möhüm işleri amala aşyrýar. Şunda bilimler mekany bolan Aşgabat häzirki wagtda köpleriň ünsüni çekýär. Ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmezden, häzirki zaman ýaşaýyş-durmuşyny, ösen jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Aragatnaşyk ulgamy XXI asyryň başlangyjynda adamyň gündelik durmuşyna mäkäm ornaşdy. Şunda «TürkmenÄlem 52ºE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň döredilmegi, älem giňişligine çykarylmagy, işjeň peýdalanylmagy ýurdumyzda döwlet we milli maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, aýratyn-da, bilim ulgamynyň ösüşine uly ýardam etdi. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy biz — ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň hem ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, internetiň üsti bilen bu ugurdaky maglumatlar, bularyň bary, ruhy baýlygymyzy, başarnygymyzy artdyrmaga, sagdyn düşünjä eýe bolmagymyza, jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Kämil hünärmenler — buýsanjymyz

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çagalar baglaryndan başlap, bilim ulgamynyň ähli edaralary — umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri döwrüň ösen innowasion tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Şunda bilim bermegiň häzirki zaman usuly bolan bakalawr we magistr görnüşleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ornaşdyrylandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmeginde, hünärleriň ýöriteleşdirilen ugurlarynyň düýpli özleşdirilmeginde aýratyn orun eýeleýär. Dünýäde ylmyň, bilimiň we innowasion tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda, döwür bilen deň gadam urmaga ukyply, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak ýurduň mundan beýläkki gazanjak üstünlikleriniň ygtybarly binýady bolup durýar. Dünýä döwletleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi hem yzygiderli kämilleşýär. Onuň hataryna ýylda ýaş zehinleriň, täzeçil garaýyşly hünärmenleriň ençemesi goşulýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, öňde goýan belent maksatl

Berkararlyk bagtynyň miweleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyna berýän uly ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijelerini berýär. Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilip, bu şanly waka mynasybetli guralan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy taryhy wakalara has-da aýratyn ähmiýet berdi. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar we amal edilýän işler mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, päk ahlakly, beden we ruhy taýdan ösen ýaşlar bolup ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgu

Ýokary harby okuw mekdebinde sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Aýratyn hem milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilimi has-da ösdürmek, ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek baş maksadymyz bolup durýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikler döredilýär. Bu ýerde uzak aralykdan aragatnaşyk saklamak üçin institutyň «Bilim portaly» atly maglumat-bilim elektron ulgamy we torlary döredildi. Bu elektron ulgamy hem-de institutyň lokal kompýuter tory bilim alýan harby talyplarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalardan peýdalanyp bilmekleri üçin mümkinçilik döredýändigi bellärliklidir.

Bilimli nesil — buýsanjymyz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň, ýaş nesiller hakynda edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz bagtyýar çagalygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Ýaş nesilleriň hukuklarynyň goraglylygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynda hemişe esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ösüp gelýän nesilleriň Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly, ruhy-ahlak ýörelgelerimize hormat goýýan, milli ruhda terbiýelenen, berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmekleri, olaryň iň ösen derejä laýyk gelýän ylym-bilim almaklary üçin döredilýän şert-mümkinçilikleri dünýä nusgalyk diýip görkezmek bolar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde döwrebap bilimli, daşary ýurt dillerini suwara bilýän ýaşlaryň kemala gelýändigi hemmämizi guwandyrýar. «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, hormatly Pre

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şöhratly geçmişimiziň buýsanjy Galkynyşly döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde, täze eýýamymyzyň mynasyp neslini kemala getirmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Ýaş nesil hakyndaky şu aladanyň eşretli ertirimiziň kepilidigi hemmämize äşgär hakykatdyr. Şonuň üçinem bilim işgärleriniň üstüne örän wajyp wezipe düşüp, onuň hötdesinden gelmek üçin her bir bilim işgäri şahsy jogapkärçiligini duýmalydyr.

Çagalar bakja-bagynda

Yhlasymyzy siňdirýäris Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesil baradaky tutumly işler giň gerime eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň welaýat merkezlerinde, etraplarynda, şäherdir obalarynda gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap, kaşaň çagalar bakja-baglary hem muňa mysaldyr. Täze binalarda körpeler üçin ähli amatlyklar döredýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Döwletiň esasy daýanjy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze mazmuna eýe bolýar. Ýagny bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýaşlara ylym-bilim dünýäsine içgin aralaşmaga, özleriniň ylmy-inženerçilik pikirlerini, maglumat-tehnologik, senagat-innowasion, dizaýnerçilik ylmy barlaglaryny durmuşa geçirmäge ähli şertler döredilendir. Şonuň netijesinde hem ýurdumyz boýunça zehinli ýaşlar ýüze çykarylýar. Olar ylym bilen meşgullanyp, ýurdumyzyň at-abraýyny, halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýarlar.

Wagyz-nesihat çäresi

Bilimli nesil — kuwwatly Watan Golaýda şäher häkimliginiň, TZB-niň şäher bölüminiň, şäher polisiýa bölüminiň, şäher bilim bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher bilim bölüminde zähmet çekýän ýolbaşçylaryň we işgärleriň arasynda ýaşlary döwrebap terbiýelemek, geljekki ýaşlary ylymly-bilimli edip ýetişdirmek, olaryň dünýägaraýyşlarynyň has-da giň bolmagyny gazanmak, tertip-düzgüni, sagdyn-durmuş ýörelgesini berkitmek maksady bilen “Bilimli nesil — kuwwatly Watan” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Kämilligiň berk binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamy ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň hatarynda goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde adamzadyň ählumumy ösüşiniň hatyrasyna ylym we ýokary derejeli tehnologiýalar boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esaslaryny goýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda döwrebap umumybilim berýän orta mekdepler, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri yzygiderli gurulýar, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler halkymyzy, aýratyn hem biz — bilim işgärlerini tüýs ýürekden buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.

Halypadan öwren, şägirde öwret!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesiller, olaryň durnukly bilim almagy hakynda hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi barada tagalla edýärler. Bu bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşlere beslenmegini üpjün edýär. Bilim ulgamynyň ösüşini üpjün etmekde öňdebaryjy iş tejribeleriň öwrenilmegi, ýaýradylmagy, innowasion tehnologiýalardan peýdalanylmagy, halypa-şägirt gatnaşyklary hem möhüm ähmiýete eýedir. Elbetde, her bir mugallym özüniň zähmet ýolunyň başlangyjynda we dowamynda kärine ussat, halypa mugallymlardan öňdebaryjy tejribeleri, işjeň usullary öwrenýär. «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýlişi ýaly, tejribeli, hünärine ussat mugallymlaryň döredijilikli, tutanýerli zähmeti, göreldesi, iş tejribesi kärdeşleri, aýratyn-da ýaş mugallymlar üçin nusgalyk mekdep bolmalydyr. Şu nukdaýnazardan, mugallymçylyk käriniň inçe syrlaryny öwretmek, ýaş mugallymlara halypaçylyk etmek, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ýola goýmak we ýaýbaňlandyrmak boýunça mekdeplerde ençeme işler alnyp barylýar.

Döwrebap bilim özgertmeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle uly özgertmeleriň bir ugry hem ähli pudaklarda, şol sanda bilim ulgamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagydyr. Çünki häzirki ösen döwürde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, okatmagyň iň döwrebap usullaryny durmuşa geçirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ähli ýeňillikleri döredýär. Şunda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynda sanly ulgama geçmek bilen, bilim ulgamy boýunça maglumatlary elektron usulda tiz alyşmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyşyna we alnyp barlyşyna uzak aralykdan gözegçiligi amala aşyrmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyş hili babatda usuly kömekleri we maslahatlary tiz bermek ýaly ugurlarda işleriň hili ýokarlanýar.

Belent üstünligiň beýany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda beýik işler durmuşa geçirilýär, bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Şeýlelikde, çalt depginler bilen ösýän, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň esasy guralyna öwrülýän berk binýatly bilim ulgamy kemala getirilýär. Ýurdumyzda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, geljekki ösüşleri üçin zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanylmagy bilim işgärleriniň işiniň mazmun we usuly taýdan netijeli guralmagyna ýardam edýär. Mugallym pedagogik işleri talabalaýyk amala aşyrmaga, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermäge ýokary taýýarlykly bolmalydyr. Munuň üçin bilim işgärlerine döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ulgamyny döwlet tarapyndan goldamak işi ýylsaýyn berkidilýär, geljegi uly bolan bilim ulgamyna berilýän maliýe serişdelerini artdyrmakda, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde netijeli işler alnyp barylýar.

Okatmagyň hili ýokarlandyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, täze-täze üstünlikler gazanylýar, bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň bilim öwrenmekleri, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýaşlar ylmyň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar we ylmy işleri alyp barmagyň ýollaryny, ylmy garaýyşlary durmuşa ornaşdyrmagyň usullaryny giňden öwrenýärler. Bu bolsa geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär, çünki döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim özgertmeleriniň netijesinde okatmagyň iň döwrebap usullarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem kämil bilim işgärlerini taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. Talyplar sapaklary guramagy, okuwçylary okatmagyň iň döwrebap usullaryny öwrenýärler. Bu bolsa geljekki mugallymlaryň kämilligini üpjün edýär. Şeýle hem dil ugruny ýa-da tebigy bilimleri içgin özleşdirmek bilen ýaşlaryň mugallymçylyk hünärine bolan başarnyklary kemala gelýär.

Döwrebap hünärli ýaşlar

«Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara mekdepde okaýan döwründe dürli hünärleri öwretmek, olary durmuşa taýýarlamak, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmek boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Mekdebi tamamlaýan ýaşlary belli bir hünäre ugrukdyrmak maksady bilen ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, geçen okuw ýylyndan başlap, sapakda we sapakdan daşary çärelerde dürli hünärler barada söhbetdeşlikler, dürli temadaky tanyşdyryş dabaralary geçirilýär. Okuwçylara gyzyklanýan hünärleri boýunça düzmeler ýazdyrylyp, olaryň arasynda çekişmeler guralýar, dürli temalarda diwarlyklar taýýarlanyp, «Meniň söýgüli hünärim» atly hepdelik geçirilýär.

Nesil terbiýesi — mukaddes borjumyz

Nesil terbiýesinde pedagogik başarnyklaryň ýetmezçiligi ata-eneler üçin kynçylyklary döredip bilýär. Bu başarnygy ele almak üçin, islendik işde bolşy ýaly, köp okamak, kämilleşmek zerur. Ata-eneleriň çagalary bilen dil tapyşmagy, düşünişmegi öwrenmegi perzentleriň hem geljekde öz nesillerini terbiýelemeginde örän peýdalydyr. Ýagny maşgalada dörän terbiýeçilik ýörelgeleri nesilme-nesil dowam edip, jemgyýetiň gymmatlyklar ulgamynyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe bolýar. Islendik çaganyň kämil şahsyýet, ilhalar ynsan bolup ýetişmegi, ilkinji nobatda, maşgalada berilýän terbiýe bilen baglanyşyklydyr. Terbiýeçilik işinde görelde iň esasy şertdir. Çünki çaga özüne ündelýän zady däl-de, görkezilýän göreldäni öwrenmäge mähetdel bolýar. Ata-enäniň göreldesi bu babatda has hem möhüm orun eýeleýär.