Watanymyzyň buýsanjy — bilimli ýaşlar

29 Oktýabr 2023
730

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimiz, halkymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär, ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary ýaş nesillere öwretmek, olaryň bilimli bolmagyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerýän ýaşlar watansöýüji, il-güne wepaly nesiller bolup kemala gelýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýar. Ajaýyp döwrümizde ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. Şunda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, öwrenmek hem-de milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini wagyz etmek arkaly sagdyn, ýokary ahlakly, bilimli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli geçirilip durulýar. Ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda döwletli işler amala aşyrylýar.

Bahargül HANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.