Berkararlyk bagtynyň miweleri

25 Oktýabr 2023
463

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamyna berýän uly ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijelerini berýär. Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim edaralaryny açyp ulanmaga bermek hem-de olaryň düýbüni tutmak dabaralarynyň geçirilip, bu şanly waka mynasybetli guralan dabaralaryň birnäçesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy taryhy wakalara has-da aýratyn ähmiýet berdi.

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemeklerini, ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklaryny üpjün etmek baradaky aladalar we amal edilýän işler mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, päk ahlakly, beden we ruhy taýdan ösen ýaşlar bolup ýetişmeklerini, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip nygtaýşy ýaly, ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen türkmen tarapynyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklarynyň ösdürilmegi, sanly ulgam arkaly sapaklaryň geçirilmegi, tejribe alşylmagy, daşary ýurt hünärmenleriniň türkmen talyplarynyň arasyna gelip sapak bermegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Mähri SEÝIDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.