Döwrebap hünärli ýaşlar

23 Oktýabr 2023
499

«Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara mekdepde okaýan döwründe dürli hünärleri öwretmek, olary durmuşa taýýarlamak, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmek boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar.

Mekdebi tamamlaýan ýaşlary belli bir hünäre ugrukdyrmak maksady bilen ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, geçen okuw ýylyndan başlap, sapakda we sapakdan daşary çärelerde dürli hünärler barada söhbetdeşlikler, dürli temadaky tanyşdyryş dabaralary geçirilýär. Okuwçylara gyzyklanýan hünärleri boýunça düzmeler ýazdyrylyp, olaryň arasynda çekişmeler guralýar, dürli temalarda diwarlyklar taýýarlanyp, «Meniň söýgüli hünärim» atly hepdelik geçirilýär.

Amantäç ÇAÇAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 121-nji orta mekdebiň müdiri.