Sanly bilim ulgamynyň döwrebap mümkinçilikleri

30 Oktýabr 2023
322

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň elektron tilsimatlary gündelik durmuşda ulanmakda, täze tehnologiýalary özleşdirmekde, ornaşdyrmakda işjeňlik bilen tapawutlanýandygyny aýratyn bellemek bolar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Döwletimiziň ähli bilim ojaklarynda “Sanly bilim ulgamy” atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesiller, olaryň durnukly bilim almagy hakynda hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi barada tagalla edýärler. Bu bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşlere beslenmegini üpjün edýär. Tehnologiýanyň ösmegi bilen, elektron kitaplardan, elektron kitaphana ulgamlardan peýdalanýanlaryň sany köpelýär. Elektron kitap - munuň özi kitabyň elektron görnüşindäki sanly tilsimatlar arkaly taýýarlanan görnüşidir. Elektron kitaphana bolsa, dürli möçberdäki elektron kitaplaryň saklanýan ulgamyny göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda elektron kitaplar toplumy döredilip, ol kitaplar baradaky maglumatlar hem sanly ulgam arkaly beýan edilýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň elektron kitaphana gorunda professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazgylary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi ýaşlara üznüksiz ýagdaýda bilim almak üçin giň mümkinçilikleri döredýär we bilim bermegiň hilini täze döwrebap derejä çykarýar. Çünki elektron kitaphana ulgamy okuwçylaryň we mugallymlaryň arasynda bitewi elektron bilim gurşawyny emele getirýär.