Ýokary derejeli hünärmenler

26 Oktýabr 2023
390

Berkarar Watanymyzda beýik işler dowamat dowam bolýar, ajaýyp zamanamyza mahsus başlangyçlaryň, aklyňy haýran edýän işleriň gerimi barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde, maslahatlarda ata Watanymyzyň şöhratyna şan goşýan, il-günüň rowaçlygyny, bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler, wezipeler bellenilýär, olary durmuşa geçirmegiň ýollary kesgitlenilýär. Oba hojalygynda, gurluşykda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda gazanylan netijeler, elektrik energiýasyny öndürmekde, nebit-gaz çykarmakda, magdan däl önümleriň önümçiliginde eýe bolnan sepgitler buýsanjyňy goşalandyrýar.

Arkadagly Serdarymyz ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýagny onuň köp pudaklaýyn we önümleýin ösdürilmegine uly üns berýär. Şoňa görä-de, eziz Diýarymyzda ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen, ekologik taýdan arassa gaýtadan işleýän senagat kärhanalary yzygiderli işe girizilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini dürli ugurlarda ösdürmek üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär.

Amantäç AKMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.