Döwrebap bilim özgertmeleri

24 Oktýabr 2023
831

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle uly özgertmeleriň bir ugry hem ähli pudaklarda, şol sanda bilim ulgamynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagydyr. Çünki häzirki ösen döwürde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, okatmagyň iň döwrebap usullaryny durmuşa geçirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ähli ýeňillikleri döredýär. Şunda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny bellemelidiris. Bilim ulgamynda sanly ulgama geçmek bilen, bilim ulgamy boýunça maglumatlary elektron usulda tiz alyşmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyşyna we alnyp barlyşyna uzak aralykdan gözegçiligi amala aşyrmak, bilim we terbiýeçilik işiniň guralyş hili babatda usuly kömekleri we maslahatlary tiz bermek ýaly ugurlarda işleriň hili ýokarlanýar.

Şemşat TATOWA,
Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň müdiri.