Kämil hünärmenler — buýsanjymyz

25 Oktýabr 2023
361

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çagalar baglaryndan başlap, bilim ulgamynyň ähli edaralary — umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri döwrüň ösen innowasion tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Şunda bilim bermegiň häzirki zaman usuly bolan bakalawr we magistr görnüşleriniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ornaşdyrylandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da kämilleşmeginde, hünärleriň ýöriteleşdirilen ugurlarynyň düýpli özleşdirilmeginde aýratyn orun eýeleýär.

Dünýäde ylmyň, bilimiň we innowasion tehnologiýalarynyň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda, döwür bilen deň gadam urmaga ukyply, öz kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak ýurduň mundan beýläkki gazanjak üstünlikleriniň ygtybarly binýady bolup durýar. Dünýä döwletleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi hem yzygiderli kämilleşýär. Onuň hataryna ýylda ýaş zehinleriň, täzeçil garaýyşly hünärmenleriň ençemesi goşulýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir» diýip belleýşi ýaly, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, öňde goýan belent maksatlarynyň gözbaşynda ýaşlaryň bilimli, ylymly ösen jemgyýetini kemala getirmek ýaly döwrüň möhüm meselesi dur.

Tawus ORAZOWA,
Aşgabat şäherindäki 35-nji orta mekdebiň mugallymy.