Okatmagyň hili ýokarlandyrylýar

24 Oktýabr 2023
810

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, täze-täze üstünlikler gazanylýar, bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň bilim öwrenmekleri, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýaşlar ylmyň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar we ylmy işleri alyp barmagyň ýollaryny, ylmy garaýyşlary durmuşa ornaşdyrmagyň usullaryny giňden öwrenýärler. Bu bolsa geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär, çünki döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim özgertmeleriniň netijesinde okatmagyň iň döwrebap usullarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem kämil bilim işgärlerini taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. Talyplar sapaklary guramagy, okuwçylary okatmagyň iň döwrebap usullaryny öwrenýärler. Bu bolsa geljekki mugallymlaryň kämilligini üpjün edýär. Şeýle hem dil ugruny ýa-da tebigy bilimleri içgin özleşdirmek bilen ýaşlaryň mugallymçylyk hünärine bolan başarnyklary kemala gelýär.

Tirkiş REJEPOW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.