Kämilligiň berk binýady

24 Oktýabr 2023
729

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamy ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň hatarynda goýulýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde adamzadyň ählumumy ösüşiniň hatyrasyna ylym we ýokary derejeli tehnologiýalar boýunça dünýäniň iri halkara guramalary, ylmy merkezleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň esaslaryny goýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda döwrebap umumybilim berýän orta mekdepler, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri yzygiderli gurulýar, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler halkymyzy, aýratyn hem biz — bilim işgärlerini tüýs ýürekden buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär.

Uzukjemal NIÝAZMURADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy.