Ýokary harby okuw mekdebinde sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri

25 Oktýabr 2023
519

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler gazanylýar. Aýratyn hem milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilimi has-da ösdürmek, ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunynyň we hiliniň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmek baş maksadymyz bolup durýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikler döredilýär. Bu ýerde uzak aralykdan aragatnaşyk saklamak üçin institutyň «Bilim portaly» atly maglumat-bilim elektron ulgamy we torlary döredildi. Bu elektron ulgamy hem-de institutyň lokal kompýuter tory bilim alýan harby talyplarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalardan peýdalanyp bilmekleri üçin mümkinçilik döredýändigi bellärliklidir.

Oleg KOLODIN,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, podpolkownik.