Nesil terbiýesi — mukaddes borjumyz

23 Oktýabr 2023
482

Nesil terbiýesinde pedagogik başarnyklaryň ýetmezçiligi ata-eneler üçin kynçylyklary döredip bilýär. Bu başarnygy ele almak üçin, islendik işde bolşy ýaly, köp okamak, kämilleşmek zerur. Ata-eneleriň çagalary bilen dil tapyşmagy, düşünişmegi öwrenmegi perzentleriň hem geljekde öz nesillerini terbiýelemeginde örän peýdalydyr. Ýagny maşgalada dörän terbiýeçilik ýörelgeleri nesilme-nesil dowam edip, jemgyýetiň gymmatlyklar ulgamynyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe bolýar.

Islendik çaganyň kämil şahsyýet, ilhalar ynsan bolup ýetişmegi, ilkinji nobatda, maşgalada berilýän terbiýe bilen baglanyşyklydyr. Terbiýeçilik işinde görelde iň esasy şertdir. Çünki çaga özüne ündelýän zady däl-de, görkezilýän göreldäni öwrenmäge mähetdel bolýar. Ata-enäniň göreldesi bu babatda has hem möhüm orun eýeleýär.

Gülşirin MUHYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.