"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýazuwyň görnüşleri hakynda

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerinde Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumyna hem uly orun degişli bolup durýar. Şonuň netijesinde hem, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumymyz üçin Lui Braýlyň ulgamynda çap edilýän okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň mukdary barha artýar. Geçmişde ata-babalarymyz kitaby mukaddeslik hasaplapdyrlar. Ony özüniň ruhy gymmatlygy hökmünde arzylapdyrlar. Söze, kitaba bolan şol belent sarpa häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Bilim ulgamynda

Okuwlar guramaçylykly guraldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli bilim ulgamy günsaýyn kämilleşýär. Sagdyn, ylymly, bilimli, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, halkymyzyň şöhratly taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmagy başarýan ýaş nesli terbiýelemek döwletimiziň bilim syýasatynyň özenini düzýär. Munuň üçin döwletimizde döredilýän döwrebap şertler mekdep mugallymlarynyň işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly bilim ulgamy – innowasion ösüşiň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerine sanly bilimi ornaşdyrmak ugrunda giň möçberli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpsanly çagalar bag

Belent sepgitleriň beýany

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem geçen ýylda köp ugurlar boýunça tejribe gazanyp, dürli bäsleşiklerde we sergilerde uly üstünliklere eýe boldy.

Belent ynam — üstünliklere badalga

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, çuňňur ylymly, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, hünärleri kemsiz ele alan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu ugurda uly işler bitirildi. Munuň özi ýaş hünärmenleriň, mugallymlaryň döwrebap, netijeli zähmet çekmegi üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gadam basmak bilen, her kim özüniň geçen bir ýylyň dowamynda eden işlerini, özi üçin iň ýakymly pursatlary ýatlaýandyr. Şonuň bilen birlikde, täze, şanly ýylymyzda ýurdumyzda dowam etjek taryhy özgertmelere öz goşandyňy goşmak, bolup geçjek uly wakalara ýakyndan gatnaşmak, şaýat bolmak hakynda her bir raýatyň göwnünde ýagşy umyt-arzuwlary besleýändigi tebigy ýagdaýdyr.

Ak ýollaryň ýalkymynda

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýet, sungat, ylym, bilim örän belent sepgitlere ýetdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň dowamyny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilime, sungata, edebiýata, şol sanda kitaba uly sarpa goýulýar. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri pähim-paýhasa, ylym-bilime uly sarpa goýup, dünýäde öçmejek şan-şöhrat gazanypdyrlar. Ýaş nesillerden Watana, il-ulsyna wepaly, mert, gaýduwsyz, maksada okgunly, ar-namysly, tutanýerli şahsyýetleri kemala getirmekde çeper edebiýat esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Bilim edaralarynda 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçiriler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Bu ösüşler bagtyýar raýatlarymyzyň kalbynda uly şatlyk duýgularyny döredýär, olary täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda döwletimizde ösüp barýan ýaş nesliň bilim hem-de terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji ajaýyp kitabynda bu barada şeýle belleýär: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys».

Nesil terbiýesi esasy wezipeleriň hatarynda

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze özgertmeleriň we ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan ýurdumyzda durnukly ykdysady, syýasy, durmuş-medeni hem-de ylmy ösüşleri üpjün edýän düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ylmyň ösmegi syýasatyň, ykdysadyýetiň, medeniýetiň, oba hojalygynyň ösmegine şert döredýär. Ylmy ösdürmek üçin bolsa bilim binýadynyň berk bolmagy zerurdyr. Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin ylymly-bilimli, ruhy taýdan baý, maksada okgunly, Watana wepaly, kämil nesli kemala getirmek bilim işgärleriniň baş wezipesi hökmünde kesgitlenýär. Ýaş nesliň döwletimiziň ösüşine goşant goşup biljek kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin berilýän bilimiň döwrüň talabyna laýyk bolmagy zerurdyr. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem gysga taryhy wagtyň içinde düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Şol beýik özgerişler bu gün halkymyzy täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Asylly maksatlar rowaçlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň röwşen geljegi hasaplanýan ýaş nesle uly ynam bildirip, olaryň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredýär. Watansöýüji, ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Häzirki ösüşli döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap mümkinçilikleri döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokary bolmagyna, işleriň ylmyň esasynda alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan berkarar Watanymyzda ähli ulgamlaryň sanlylaşdyrylmagy ýokary depginde amala aşyrylýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan sanly ykdysadyýetiň binýady goýulýar. Kämil ykdysadyýet ähli amatlyklary döretmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bilim ulgamyna döwrebap usullar ornaşdyrylýar. Giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, olaryň sanly tehnologiýalara düşünmeklerini gazanmak möhüm ugurlaryň biridir. Ýaş hünärmenleriň ylym-bilimi, döwrebap tehnologiýalara bolan başarnygy sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde möhüm şert bolup durýar. Orta mekdeplerde okaýan okuwçylara durmuşymyza barha berk ornaşýan sanly tehnologiýalaryň esaslary öwredilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde bolsa tehnologiýalar bilen baglanyşykly hünärler girizilip, olara kabul edilýän talyplaryň sany artýar. Sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugry hökmünd

Bilim öwretmegiň usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda bilim bermegiň, okatmagyň döwrebap usullary, ylma esaslanýan ugurlary barha kämilleşdirilýär. Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Olardan: sapaklary guramak; multimedia tagtasyndan şekilleri görkezmek usullary, işjeň oýunlar, krosswordlar, testler hem-de internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak peýdalydyr. Orta mekdeplerde, esasan hem, başlangyç synplarda bilim öwretmek, sapaklary täsirli guramak möhümdir. Çünki okuwçy başlangyç bilimde alan düşünjelerini, öwrenen sowatlaryny ýokary synpda ösdürýär. Şonuň üçin hem başlangyç synplarda öwredilen sowat, bilim okuwçynyň geljekdäki üstünliklerine binýat bolup durýar. Şonuň üçin hem mugallymçylyk mekdebimizde başlangyç synplarda sapak geçmegiň, sapaklary guramagyň, okuwçylaryň ünsüni bilime gönükdirmegiň dürli ugurlary işlenip taýýarlanylýar.

Ylym — röwşen geljegimiziň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim öwrenmek, ýaşlara bu barada wagyz-nesihat etmek asylly ýörelgedir. Ylym-bilim ösüşleriň gözbaşy hasaplanýar, çünki ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlar ösüşi üpjün edýär, kämilligi kemala getirýär. Şonuň üçin hem ylym-bilim öwrenmek mukaddes borç hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär, bu ugurda aýdyň wezipeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bu döredilýän mümkinçilikleri giňden wagyz etmek, ýaşlara ylym-bilim öwretmek mugallymlaryň paýyna düşýär.

Kitap — gymmaty egsilmejek hazyna

Kitap adamyň döreden täsin we beýik gudratydyr. Ol döwürleriň aýnasy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Bu gudratda adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy, umuman, asyrlaryň ýaňy beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmenleriň kitaba, paýhas-parasata goýýan hormaty aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada akyldar Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Kalp päkligi, paýhas kämilligi, dil we duýgy baýlygy umman ýaly hazyna öwrülýär. Okamaýan adam bolsa ruhy garyplykdan ejir çekýär. Şoňa görä-de, parasatly ata-babalarymyz ýaşlara, şägirtlerine rowaýatlary, hekaýatlary, tymsallary aýdyp berip, olary terbiýeläpdirler».

Milli ýörelgeleriň ähmiýeti

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän dili, nusgawy edebiýaty bar. Bularyň her biri milli mirasymyz bolup, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlygydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär, ýaş nesillere wagyz-ündew edilýär. Çünki milli gymmatlyklary wagyz etmek, ýaş nesillere öwretmek bilim işgärleriň, mugallymlaryň asylly maksatlarydyr, mukaddes borjudyr. Munuň özi milli terbiýäniň gözbaşydyr. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olaryň il-güne wepaly bolup ýetişmeklerini üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Şeýle asylly ýörelgelere eýermek, milli terbiýäni ylmy esasda öwrenmek özüniň oňat netijesini berýär. Şunda milli terbiýäniň hem aýratyn ugurlaryny bellemek bolar. Sebäbi milli terbiýe pähimdar pederlerimiziň durmuşa ornaşdyran hem-de kämillik derejesine ýetiren gymmatlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimize aýratyn sarpa goýulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda hem çuňňur manyly sözler beýan edilýär.

Köp dilliligi ösdürmek taglymaty rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edilýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bilen, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmek göz öňünde tutulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş nesle uly ornuň degişlidigini görkezýär. “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp günlerinde hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzi

Öňdebaryjy tejribeler paýlaşylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şol wezipeler, ilkinji nobatda, bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, kämil bilimli, terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden, olarda Watanymyza, halkymyza söýgini, mukaddes Garaşsyzlygymyza hem-de hemişelik Bitaraplygymyza buýsanjy artdyrmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary, ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredýän giň mümkinçilikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny hem-de üstünliklere beslenmegini üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň aň we ruhy taýdan sagdyn ösüşini kemala getirmek ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň sowatly, arassa ahlakly bolup ýetişmeginde gurulýan döwrebap bilim edaralarynyň, şeýle-de olarda zähmet çekýän işine ökde bilim işgärleriniň iş tejribesiniň örän uly ähmiýeti bardyr. Döredijilikli zähmet çekýän mugallymlardyr terbiýeçiler ýaş nesle diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşda-da dogry

Ak arzuwlaryň ýolunda

Ýurdumyz bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Bu ugur Türkmenistanyň dostlukly döwletler bilen köpugurly gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn tagallalaryň netijesinde, ýaşlarymyza dünýäniň abraýly bilim ojaklarynda okamaga, hünär öwrenmäge hem giň şertler, mümkinçilikler döredilýär. Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti has köp adamly. Bu ýerde 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Häzirki wagtda Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça okamaga isleg bildirýän ýaşlardan hem resminamalary kabul etmek işi guramaçylykly dowam edýär. Bu işler degişli ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde alnyp barylýar.

Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek döwrüň derwaýyslygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamynyň işi we mazmuny kämilleşdirilip, okatmagyň innowasion usullaryna we tehnologiýalaryna, okuw-terbiýeçilik işine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu ugurdan alnyp barylýan işleriň, toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy we maksada okgunlylygy aýratyn bellärliklidir. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň hem usulyýeti we usulyýet üpjünçiligi halkara tejribesini öwrenmek arkaly baýlaşdyrylýar. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler daşary ýurt dilleriniň okuw meýilnamalaryny, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we olaryň öz ene dilinden başga-da dünýä dillerini gowy öwrenmekleri üçin döredilýän ähli şertler bellenmäge mynasypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara ene dilimiz bilen bilelikde daşary ýurt dillerini öwretmek möhüm ugurlaryň biridir. Mugallym okuwçylara özbaşdak iş edip sapakdan daşary dil öwretmek, dünýä dillerindäki ertekileri okamagy öý işi hökmünde tabşyrmak oňyn netijesini berýär. Munuň özi okuwçylaryň dünýä dillerini oňat özleşdirmeklerine ýardam berýär. Ýaş nesliň sözleýiş dil baýlygynyň kämil bolmagy, beýleki dilleri bilmegi hünär öwrenmekde, medeni

Şan-şöhratly menziller

Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly ýylyň şanly wakalaryny ýatlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gazanylan Watanymyzyň beýik ösüşlerine bolan guwanjyň, buýsanjyň artýar. Şunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirjek, ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýändigi aýratyn buýsandyryjydyr. Beýik ösüşleriň özenini düzýän milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, hil taýdan täze derejä çykarylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň mynasyp dowam etdirilmegi ileri tutulýan möhüm ugurlaryň hatarynda durýar.

Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

KÖRPELER — RÖWŞEN GELJEGIMIZ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwür bilen deň özgertmekde, kämilleşdirmekde, şeýle hem bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Ajaýyp zamanamyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, körpeleri irki döwürden terbiýelemek, olaryň şahsy başarnyklaryny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işiniň kämilleşdirilýändigi durmuşa geçirilýän işler güwä geçýär.