Bilim edaralarynda 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçiriler

7 Ýanwar 2024
1574

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly ösüşler, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Bu ösüşler bagtyýar raýatlarymyzyň kalbynda uly şatlyk duýgularyny döredýär, olary täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň esasynda döwletimizde ösüp barýan ýaş nesliň bilim hem-de terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji ajaýyp kitabynda bu barada şeýle belleýär: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys».

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent.