Bilim öwretmegiň usullary

7 Ýanwar 2024
865

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda bilim bermegiň, okatmagyň döwrebap usullary, ylma esaslanýan ugurlary barha kämilleşdirilýär. Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Olardan: sapaklary guramak; multimedia tagtasyndan şekilleri görkezmek usullary, işjeň oýunlar, krosswordlar, testler hem-de internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak peýdalydyr.

Orta mekdeplerde, esasan hem, başlangyç synplarda bilim öwretmek, sapaklary täsirli guramak möhümdir. Çünki okuwçy başlangyç bilimde alan düşünjelerini, öwrenen sowatlaryny ýokary synpda ösdürýär. Şonuň üçin hem başlangyç synplarda öwredilen sowat, bilim okuwçynyň geljekdäki üstünliklerine binýat bolup durýar. Şonuň üçin hem mugallymçylyk mekdebimizde başlangyç synplarda sapak geçmegiň, sapaklary guramagyň, okuwçylaryň ünsüni bilime gönükdirmegiň dürli ugurlary işlenip taýýarlanylýar.

Orazgül MUHAMMEDOWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.