Ak arzuwlaryň ýolunda

5 Ýanwar 2024
560

Ýurdumyz bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Bu ugur Türkmenistanyň dostlukly döwletler bilen köpugurly gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Durmuşa geçirilýän toplumlaýyn tagallalaryň netijesinde, ýaşlarymyza dünýäniň abraýly bilim ojaklarynda okamaga, hünär öwrenmäge hem giň şertler, mümkinçilikler döredilýär.

Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti has köp adamly. Bu ýerde 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Häzirki wagtda Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça okamaga isleg bildirýän ýaşlardan hem resminamalary kabul etmek işi guramaçylykly dowam edýär. Bu işler degişli ministrlikleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde alnyp barylýar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.