Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek döwrüň derwaýyslygy

4 Ýanwar 2024
396

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamynyň işi we mazmuny kämilleşdirilip, okatmagyň innowasion usullaryna we tehnologiýalaryna, okuw-terbiýeçilik işine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu ugurdan alnyp barylýan işleriň, toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy we maksada okgunlylygy aýratyn bellärliklidir. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň hem usulyýeti we usulyýet üpjünçiligi halkara tejribesini öwrenmek arkaly baýlaşdyrylýar. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler daşary ýurt dilleriniň okuw meýilnamalaryny, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we olaryň öz ene dilinden başga-da dünýä dillerini gowy öwrenmekleri üçin döredilýän ähli şertler bellenmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara ene dilimiz bilen bilelikde daşary ýurt dillerini öwretmek möhüm ugurlaryň biridir. Mugallym okuwçylara özbaşdak iş edip sapakdan daşary dil öwretmek, dünýä dillerindäki ertekileri okamagy öý işi hökmünde tabşyrmak oňyn netijesini berýär. Munuň özi okuwçylaryň dünýä dillerini oňat özleşdirmeklerine ýardam berýär. Ýaş nesliň sözleýiş dil baýlygynyň kämil bolmagy, beýleki dilleri bilmegi hünär öwrenmekde, medeni we ykdysady gatnaşyklaryň üstünliklere beslenmeginde hem ähmiýeti diýseň uludyr. Ene dilimizi ýaş nesle edebi diliň kadalaryna laýyklykda öwretmek bolsa mugallymlaryň esasy borjudyr.