Milli ýörelgeleriň ähmiýeti

7 Ýanwar 2024
544

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, gadymdan gelýän dili, nusgawy edebiýaty bar. Bularyň her biri milli mirasymyz bolup, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlygydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär, ýaş nesillere wagyz-ündew edilýär. Çünki milli gymmatlyklary wagyz etmek, ýaş nesillere öwretmek bilim işgärleriň, mugallymlaryň asylly maksatlarydyr, mukaddes borjudyr. Munuň özi milli terbiýäniň gözbaşydyr.

Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olaryň il-güne wepaly bolup ýetişmeklerini üpjün etmek esasy ugurlaryň biridir. Şeýle asylly ýörelgelere eýermek, milli terbiýäni ylmy esasda öwrenmek özüniň oňat netijesini berýär. Şunda milli terbiýäniň hem aýratyn ugurlaryny bellemek bolar. Sebäbi milli terbiýe pähimdar pederlerimiziň durmuşa ornaşdyran hem-de kämillik derejesine ýetiren gymmatlygydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimize aýratyn sarpa goýulýar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda hem çuňňur manyly sözler beýan edilýär.

Arzygül HALLYÝEWA,
Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň müdiri.