Nesil terbiýesi — wajyp wezipe

3 Ýanwar 2024
521

KÖRPELER — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ata Watanymyzda bilim ulgamyny döwür bilen deň özgertmekde, kämilleşdirmekde, şeýle hem bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrmakda netijeli işler amala aşyrylýar. Ajaýyp zamanamyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler öz miwesini berýär. Öňde goýlan wezipelere laýyklykda, ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, körpeleri irki döwürden terbiýelemek, olaryň şahsy başarnyklaryny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işiniň kämilleşdirilýändigi durmuşa geçirilýän işler güwä geçýär.