Nesil terbiýesi esasy wezipeleriň hatarynda

7 Ýanwar 2024
1046

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze özgertmeleriň we ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýar. Dünýä ýüzünde uly at-abraýa eýe bolan ýurdumyzda durnukly ykdysady, syýasy, durmuş-medeni hem-de ylmy ösüşleri üpjün edýän düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ylmyň ösmegi syýasatyň, ykdysadyýetiň, medeniýetiň, oba hojalygynyň ösmegine şert döredýär. Ylmy ösdürmek üçin bolsa bilim binýadynyň berk bolmagy zerurdyr. Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin ylymly-bilimli, ruhy taýdan baý, maksada okgunly, Watana wepaly, kämil nesli kemala getirmek bilim işgärleriniň baş wezipesi hökmünde kesgitlenýär.

Ýaş nesliň döwletimiziň ösüşine goşant goşup biljek kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin berilýän bilimiň döwrüň talabyna laýyk bolmagy zerurdyr. Durmuşymyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem gysga taryhy wagtyň içinde düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Şol beýik özgerişler bu gün halkymyzy täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Baýramgözel ÖWEZOWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň baş hünärmeni.