Şan-şöhratly menziller

3 Ýanwar 2024
448

Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly ýylyň şanly wakalaryny ýatlanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gazanylan Watanymyzyň beýik ösüşlerine bolan guwanjyň, buýsanjyň artýar. Şunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başy başlanan beýik özgertmeleri geljekde mynasyp dowam etdirjek, ösüp gelýän nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň esasyny düzýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.

Beýik ösüşleriň özenini düzýän milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, hil taýdan täze derejä çykarylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň mynasyp dowam etdirilmegi ileri tutulýan möhüm ugurlaryň hatarynda durýar.

Parahat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.