Kitap — gymmaty egsilmejek hazyna

7 Ýanwar 2024
530

Kitap adamyň döreden täsin we beýik gudratydyr. Ol döwürleriň aýnasy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Bu gudratda adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy, umuman, asyrlaryň ýaňy beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmenleriň kitaba, paýhas-parasata goýýan hormaty aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada akyldar Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýýär. Çünki kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Kalp päkligi, paýhas kämilligi, dil we duýgy baýlygy umman ýaly hazyna öwrülýär. Okamaýan adam bolsa ruhy garyplykdan ejir çekýär. Şoňa görä-de, parasatly ata-babalarymyz ýaşlara, şägirtlerine rowaýatlary, hekaýatlary, tymsallary aýdyp berip, olary terbiýeläpdirler».

Bahargül SEÝIDOWA,
Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.