Köp dilliligi ösdürmek taglymaty rowaçlanýar

6 Ýanwar 2024
373

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil hakynda uly alada edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi baradaky mesele hemişe üns merkezinde saklanýar, şonuň ýaly-da, çagalaryň öz ene diline hormat goýmagy, daşary ýurt dillerini kämil bilmegi barada taýsyz tagalla edilýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bilen, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini öwretmek göz öňünde tutulýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş nesle uly ornuň degişlidigini görkezýär. “Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy” ýylynyň ajaýyp günlerinde hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär.