Ak ýollaryň ýalkymynda

7 Ýanwar 2024
394

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýet, sungat, ylym, bilim örän belent sepgitlere ýetdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň dowamyny «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilime, sungata, edebiýata, şol sanda kitaba uly sarpa goýulýar.

Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri pähim-paýhasa, ylym-bilime uly sarpa goýup, dünýäde öçmejek şan-şöhrat gazanypdyrlar. Ýaş nesillerden Watana, il-ulsyna wepaly, mert, gaýduwsyz, maksada okgunly, ar-namysly, tutanýerli şahsyýetleri kemala getirmekde çeper edebiýat esasy çeşme bolup hyzmat edýär.

Nurana HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň «Ykdysatçy» okuw merkeziniň diňleýjisi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi.