"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Belent maksatlary nazarlap

Etrabymyzyň bilim ojaklarynda okuw ýylynyň ikinji ýarymyna guramaçylykly girişildi. Mekdep mugallymlary hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Bu möhüm işde olara biz hem ýakyndan ýardam berýäris. Guramamyzyň Tertipnamasyna laýyklykda bilim işgärlerini döredijilikli zähmet çekmäge höweslendirýäris. Şonda olar üçin kadaly we howpsuz iş şertleriniň döredilmegine çynlakaý üns berilýär. Ýeri gelende, etrabymyzda soňky ýyllarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigini, olarda ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini bellemek ýakymlydyr. Tamamlanýan her ýylyň jemi boýunça öňdebaryjy bilim işgärlerini sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda göreldeli zähmet çeken agzalarymyzyň uly toparyna guramamyzyň adyndan Hormat hatlaryny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdyk. Olaryň arasynda 48-nji orta mekdebiň müdiri Jora Öwezow, 6-njy çagalar bagynyň müdiri Ogulbaýram Kerkiýewa, 30-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulnäzik Döwletgeldiýewa, 13-nji orta mekdebiň mugallymy Tahyr Hudaýnazarow we beýlekiler bar.

Täzelik

Geçen şenbe güni Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň binýadynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäginde geçirilýän ylmy-döredijilik, taslama bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Her ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan däbe öwrülip geçirilýän bäsleşige şäherimizdäki orta mekdepleriň 10—11-nji synp okuwçylarynyň onlarçasy gatnaşdy. Olar orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilen dersler boýunça taýýarlan ylmy-döredijilik, taslama işlerini bäsleşige hödürlediler.  Netijede Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 25-nji, 41-nji, 39-njy, 2-nji, 28-nji 11-nji orta mekdepleriň okuwçylary bäsleşikde baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler. Ýeňiji bolan okuwçylar guramaçylar tarapyndan Diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Welaýat baş bilim müdirliginiň ýanyndaky Döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi tarapyndan şu aýda geçirilen okuwlar hem netijeliligi bilen tapawutlandy. Maňa birnäçe ýyllyk mugallymçylyk işimde ilkinji gezek şu gezekki okuwlara mugallym ― lektor bolup gatnaşmak miýesser etdi. Biz Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepde welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda okuw geçirdik. Bir hepde dowam eden okuwlary mugallym ― lektorlaryň dördüsi alyp bardy. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen kärdeşlerimiziň 30-a golaýy gatnaşdy.

Şanly ýylyň hormatyna

Ýurdumyzda, şol sanda, biziň welaýatymyzda hem üstümizdäki okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy. Şanly ýylymyz bilen adybir sapagyň dowamynda mugallymlar okuwçylara 2024-nji ýylyň mynasyp adynyň ähmiýeti dogrusynda düşünje berdiler we olar bilen pikir alyşdylar. Munuň iňňän täsirli bolandygyny aýratyn nygtamak isleýäris. Çünki üstümizdäki ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň her setiri ýüreklerimizden orun alan şygry bilen adybir atlandyrylmagy ählimiziň arzuw-islegimiziň miwesi. Eýýäm okuwçylarymyz Milli Liderimiziň Magtymguly Pyraga bagyşlan goşgusyny ýatdan bilýärler. Biz okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagyna şol şygry okamak bilen girişdik. Pikir alyşmalarda bolsa şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralary giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň dünýäni haýran eden döredijiligi esasy mowzugymyz boldy.

Bilim ulgamy kämilleşýär

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, durmuşymyzyň mundan beýläk-de gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesle baglydygyny göz öňünde tutmak bilen, bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Bu ulgamyň mazmunynyň baýlaşmagyna gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Baky Bitarap ýurdumyzda pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimize esaslanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine daýanyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ähli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlaryň zehin başarnygy, hünäri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýet üçin zerur hünärleri ele almaga bolan islegleri höweslendirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim pudagynyň ösüş depgini has-da artmak bilendir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ählisinde, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, okatmagyň döwrebap hem täzeçe u

Kämilligiň aýdyň ýoly

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, her bir şahsyýetiň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin bolsa yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de okuw merkezleriniň iňlis dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň täze tehnologiýalary we bilimdäki innowasiýalar» («2024 — TESOL Conference») atly okuw sapaklary geçirildi. Oňa orta we ýokary okuw mekdeplerinden, paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky dil merkezlerinden iňlis dili mugallymlarynyň 250-si, şeýle hem amerikaly hünärmenleriň 6-sy gatnaşdy.

Dil bilen dünýäni gezer

Häzirki ajaýyp döwrümizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň ylym-bilimine, hünär derejesine uly üns berilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilimleri öwrenmekleri, dünýä dillerini bilmekleri esasy ugur bolup durýar. Dünýä dillerindäki ylmy çeşmeleri özleşdirmek üçin daşary ýurt dillerini bilmegiň näderejede zerurdygy ýüze çykýar. Daşary ýurt dilini öwrenmek, erkin sözleşip bilmek we ýazuw üsti bilen gerek bolan endikleri amal etmek bu ugruň kämilligini alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Dünýä tejribesine laýyklykda, daşary ýurt dilleriniň okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary kämilleşdirilip, olaryň öwredilişiniň hili ýokarlanýar. Esasan hem lingafon otaglarda sözleri diňlemek, aýdylyşyny öwrenmek we erkin sözleşip bilmek endiklerini kemala getirmek ýaly ugurlar ösdürilýär. Şeýle hem daşary ýurt dilleri öwredilende sözlükler bilen işlemäge-de uly üns berilýär. Sözlükler we kitaplar bilen işlemek talyplaryň diňe bir sözleýşini däl-de, eýsem, pikirleniş ukybyny-da ýokarlandyrýar. Şeýle hem sözlükler, kitaplar öwrenijä ýazuw endiklerini we kadalaryny öwrenmäge itergi berýär. Bu bolsa olaryň daşary ýurt dilini has-da kämil bilmeklerini, bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün edýär.

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Bize ata-babalarymyzdan juda baý miras galypdyr. Nakyllara, atalar sözlerine ser salanymyzda, pederlerimiziň bilime, ylma uly ähmiýet berendiklerine göz ýetirýärsiň. «Okasaň, bilim alarsyň, hemme zady bilersiň», «Bir — okana, bir — dokana» ýaly pähimler hem muňa aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Ajaýyp eserleri iline peşgeş eden Gahryman Arkadagymyz hem bilim ulgamyny ösdürmäge, onda düýpli özgertmeleri geçirmäge aýratyn üns berdi we bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwürdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam edýän bilim özgertmeleri häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň kämil derejede bilimli bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar. Munuň özi bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilýändigini, özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatna

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary okuw mekdepleriň sany artýar. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda ýaşlaryň geljegi barada aladalardan aýdyň nyşandyr. Sanly bilimiň durmuşa ornaşdyrylmagy, ylym-bilimiň ösdürilmegi netijesinde dürli ugurlarda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Ykdysady pudak boýunça zähmet çekjek hünärmenleriň ylym-bilimli bolmaklary esasy orunda durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösmegine goşant goşjak hünärmenleriň giň dünýägaraýyşly, bilimli bolmaklary möhümdir. Sanly ulgamy ösdürmekde bu hünärmenleriň taýýarlygy esasy orunda durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün sanly ulgamy, döwrebap tehnologiýalary oňat özleşdirýän ýaşlar kemala gelýär.

Durmuş zähmeti sapagyny okatmak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan oňyn özgertmelerden ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilimleri öwredýäris, milli terbiýäni ýola goýýarys. Nesil terbiýesi ähli döwürleriň, jemgyýetleriň iň wajyp meselesi bolmak bilen, munda halklaryň, milletleriň iň asylly ýörelgeleri dowamat-dowam bolýar. Pederlerimiz bu ugurda nusgalyk mekdebi döredip, nesilleri watansöýüjilik, lebzihalallyk, gaýratlylyk, umuman, halkymyzyň iň asylly gylyk-häsiýetleri esasynda terbiýeläpdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly we beýleki kitaplary hem durmuş zähmeti dersinde guraýan sapaklarymyzda esasy gollanma bolup durýar. Bu eserlerde türkmeniň durmuşy hem-de gadymy sungaty, halyçylygyň döreýşi we geçmişi örän aýdyň beýan edilýär. Bu kitaplar biziň halkymyzyň genji-hazynasy bolan nepis halymyzy täze derejä göterdi.

Bilim ulgamynyň ösüşi – geljegiň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara derejeli bilim ojaklarynyň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň giň elýeterliligi bilen baglydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, milletimiziň aň-

USAID-iň YDA taslamasynyň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy Lebap welaýatynda amala aşyrylyp başlanýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Tälim” okuw merkezi bilen bilelikde guraýan «TechYouth Bootcamp» maksatnamasy boýunça okuw kurslaryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň başlanýandygy barada habar berýär. Kurslar Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 74-nji jaýynda ýerleşýän “Tälim” okuw merkeziniň binasynda geçiriler. Maksatnamanyň çäklerinde IT ulgamyna degişli bolan şu aşakdaky ugurlar boýunça tölegsiz alty aýlyk kurslar guralar we geçiriler:

Dil medeniýeti – milli terbiýäniň özeni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, çeper edebiýatymyz, ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen belleniljek “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem milli medeniýetimizi ýaşlara öwretmek, olaryň milli ruhda terbiýelenmegine uly üns bermek bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň özenini düzýär. Şunda ene dilimiziň, nusgawy edebiýatymyzyň aýratyn orny bardyr. Her bir halkyň ene dili onuň milli medeniýetiniň, dünýägaraýşynyň esasy özeni bolup durýar. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiziň miras goýan gadymy dilimiziň şirinligini, baýlygyny geljek nesillere mynasyp öwretmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmen halkynyň milli terbiýesi örän gadymyýetden gözbaş alýar. Häzirki döwürde milli ýörelgelerimizi, şöhratly taryhymyzy öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek zerur bolup durýar. Pähimdar pederlerimiz edep kadalaryny, milli terbiýäniň ýörelgelerini nesillere miras goýupdyr. Milli terbiýäniň özeninde bolsa dil medeniýeti bardyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz nakyllaryň üsti bilen ýaşlaryň söz baýlyklaryny artdyrypdyrlar. Mälim bolşy ýaly, ynsanyň sözleýän sözi onuň edebini, adamkärçiligini, sowatlylygyny beýan edýär, çünki sözleýiş medeniýetli bolmagyň nusgasydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle edep-terbiýe bermek

Rowaçlygyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň gözýetimli, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem beýik maksatlaryň binýadynyň ylym-bilim almak arkaly berkeýändiginiň ajaýyp beýanydyr. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe we oňat dynç almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.

Täze ýyla täze gadamlar bilen

Okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy bilen welaýatymyzyň orta mekdeplerinde okuw işi bilen birlikde zehinli okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşiginiň deslapky tapgyrlaryna taýýarlamak işlerine hem badalga berildi. Geçen aýda mekdep tapgyry geçirilen bäsleşikler indi etrap-şäher, welaýat we döwlet tapgyrlary bilen dowam eder. Bäsleşikleriň öňde duran tapgyrlaryna biziň zähmet çekýän orta mekdebimizde hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Mundan birnäçe ýyl ozal Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen açylyp, ulanylmaga berlen Saýat etrabynyň Berkarar zaman obasynyň çäginde ýerleşýän mekdebimizde zehinli okuwçylary ders we taslama bäsleşiklerine netijeli taýýarlamak üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler bar. Olar öz miwesini hem berýär. Geçen okuw ýylynda mekdebimiziň okuwçylarynyň birnäçesi bu bäsleşikleriň welaýat we döwlet tapgyrlarynyň ýeňijileri boldular. Şolaryň arasynda mekdepden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uçurym boljak zehinli okuwçymyz Arzuw Maksadowa hem bar. Arzuw geçen okuw ýylynda bäsleşige geografiýa dersi boýunça gatnaşyp, onuň döwlet tapgyrynda ikinji orna mynasyp bolmagy başarypdy. Şu ýyl hem Arzuwyň we başga-da birnäçe okuwçymyzyň öňde duran bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmegine garaşýarys.

Usuly-amaly okuwlar geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynyň 3-9-y aralygynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgärleriniň «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen şygar astynda usuly-amaly okuwlar geçirildi. Aşgabat şäherindäki 29-njy çagalar bagynda hem geçirilen bu amaly okuwlara paýtagtymyzyň çagalar baglarynyň müdirleri bilen bir hatarda Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçylary gatnaşdy. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» esasynda çagalar baglarynda okuw terbiýeçilik işlerini çuňlaşdyrmak boýunça tejribe alşyldy we ussat mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwlet bilim standartynyň okuw terbiýeçilik işlerinde berjay edilişini ösdürmekde alnyp barylýan işler dogry ýola goýlanda, gazanylýan netijeler barada aýdyldy.  

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşi röwşen geljegiň kämilliginiň binýadydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak - bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Halkymyz tarapyndan doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanjak günlerine uly dabara bilen barýan dana atamyz Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen setirlerini okanymyzda geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoly dowam etmek, olara sarpa goýmak barada yzygiderli tagallalary edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurd

Aşgabatda TESOL-nyň ilkinji maslahaty geçirilýär

Şu günler Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de okuw merkezleriniň iňlis dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda «2024 — TESOL Conference» atly okuw sapaklary geçirilýär. 8 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilýän foruma orta we ýokary okuw mekdeplerinden, paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky dil merkezlerinden iňlis dili mugallymlarynyň 250-si gatnaşýar. Maslahata gatnaşmak üçin dil bilimi boýunça amerikan hünärmenleriniň 6-sy Aşgabada geldi.

Hindi diline bagyşlandy

Bütindünýä hindi dili güni mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda çäre geçirildi. Ol bu ýokary okuw mekdebi we Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Şeýle çäre bütin dünýäde hindi dilini tanatmak üçin geçirilýär. Dabaraly çäräni ýokary okuw mekdebiniň rektory hem-de Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi açdy. Oňa diplomatik wekilhananyň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebiniň rektory öz çykyşynda Türkmenistanyň gadymy we baý medeniýete eýe bolan, adamzada ajaýyp şahsyýetleri beren Hindistanyň halkyna türkmen topragynda uly hormat goýulýandygyny aýtdy.

Ajaýyp döwrümize mynasyp nesiller kemala getirilýär

Ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda ýaşlaryň okamagy, çuňňur bilim almagy, ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle amatly şertlerden we giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, welaýatymyzyň bilim ojaklarynda hem maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Dowam edýän okuw ýylynda bitirilen işler az däl, öňde bolsa has jogapkärli wezipeler durýar. Bu barada düýn welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda welaýat baş bilim müdirligi bilen biziň geňeşimiziň guramagynda «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen at bilen Türkmenabat şäheriniň bilim işgärleriniň usuly-amaly ýanwar maslahatynyň jemi jemlenildi. Maslahatda edilen çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň adyl ýolbaşçylygynda ýaş nesil, onuň bagtyýar geljegi hakynda edilýän taýsyz tagallalary, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda giňden durlup geçildi. Şeýle-de okuw-terbiýeçilik işinde öňdebaryjy usullardan peýdalanmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere aýratyn üns berildi.