Rowaçlygyň binýady

12 Ýanwar 2024
456

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň gözýetimli, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen sözleri hem beýik maksatlaryň binýadynyň ylym-bilim almak arkaly berkeýändiginiň ajaýyp beýanydyr.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine ýetirmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe we oňat dynç almagy, ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, olaryň zähmete höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň barha dabaralanýandygyny alamatlandyrýar.

Jennetgül ÖDENYÝAZOWA,
Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky «Diýar» bakja-bagynyň müdiri.