Ajaýyp döwrümize mynasyp nesiller kemala getirilýär

11 Ýanwar 2024
626

Ösüp gelýän nesiller hakyndaky alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda ýaşlaryň okamagy, çuňňur bilim almagy, ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle amatly şertlerden we giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, welaýatymyzyň bilim ojaklarynda hem maksatlaýyn işler alnyp barylýar.

Dowam edýän okuw ýylynda bitirilen işler az däl, öňde bolsa has jogapkärli wezipeler durýar. Bu barada düýn welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda welaýat baş bilim müdirligi bilen biziň geňeşimiziň guramagynda «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen at bilen Türkmenabat şäheriniň bilim işgärleriniň usuly-amaly ýanwar maslahatynyň jemi jemlenildi. Maslahatda edilen çykyşlarda döwlet Baştutanymyzyň adyl ýolbaşçylygynda ýaş nesil, onuň bagtyýar geljegi hakynda edilýän taýsyz tagallalary, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda giňden durlup geçildi. Şeýle-de okuw-terbiýeçilik işinde öňdebaryjy usullardan peýdalanmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipelere aýratyn üns berildi.

Gülnara KABULOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň hünärmeni.