Belent maksatlary nazarlap

16 Ýanwar 2024
427

Etrabymyzyň bilim ojaklarynda okuw ýylynyň ikinji ýarymyna guramaçylykly girişildi. Mekdep mugallymlary hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Bu möhüm işde olara biz hem ýakyndan ýardam berýäris. Guramamyzyň Tertipnamasyna laýyklykda bilim işgärlerini döredijilikli zähmet çekmäge höweslendirýäris. Şonda olar üçin kadaly we howpsuz iş şertleriniň döredilmegine çynlakaý üns berilýär. Ýeri gelende, etrabymyzda soňky ýyllarda orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigini, olarda ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini bellemek ýakymlydyr.

Tamamlanýan her ýylyň jemi boýunça öňdebaryjy bilim işgärlerini sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda göreldeli zähmet çeken agzalarymyzyň uly toparyna guramamyzyň adyndan Hormat hatlaryny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdyk. Olaryň arasynda 48-nji orta mekdebiň müdiri Jora Öwezow, 6-njy çagalar bagynyň müdiri Ogulbaýram Kerkiýewa, 30-njy orta mekdebiň mugallymy Ogulnäzik Döwletgeldiýewa, 13-nji orta mekdebiň mugallymy Tahyr Hudaýnazarow we beýlekiler bar.

Gülnar KOMEKOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saýat etrap geňeşiniň başlygy.