Kämilligiň aýdyň ýoly

14 Ýanwar 2024
642

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, her bir şahsyýetiň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin bolsa yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr.

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de okuw merkezleriniň iňlis dili mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň täze tehnologiýalary we bilimdäki innowasiýalar» («2024 — TESOL Conference») atly okuw sapaklary geçirildi. Oňa orta we ýokary okuw mekdeplerinden, paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky dil merkezlerinden iňlis dili mugallymlarynyň 250-si, şeýle hem amerikaly hünärmenleriň 6-sy gatnaşdy.

Ýörite habarçymyz.