Dil medeniýeti – milli terbiýäniň özeni

13 Ýanwar 2024
316

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, çeper edebiýatymyz, ene dilimiz ylmy esasda öwrenilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabara bilen belleniljek “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem milli medeniýetimizi ýaşlara öwretmek, olaryň milli ruhda terbiýelenmegine uly üns bermek bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň özenini düzýär. Şunda ene dilimiziň, nusgawy edebiýatymyzyň aýratyn orny bardyr. Her bir halkyň ene dili onuň milli medeniýetiniň, dünýägaraýşynyň esasy özeni bolup durýar. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiziň miras goýan gadymy dilimiziň şirinligini, baýlygyny geljek nesillere mynasyp öwretmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Türkmen halkynyň milli terbiýesi örän gadymyýetden gözbaş alýar. Häzirki döwürde milli ýörelgelerimizi, şöhratly taryhymyzy öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek zerur bolup durýar. Pähimdar pederlerimiz edep kadalaryny, milli terbiýäniň ýörelgelerini nesillere miras goýupdyr. Milli terbiýäniň özeninde bolsa dil medeniýeti bardyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz nakyllaryň üsti bilen ýaşlaryň söz baýlyklaryny artdyrypdyrlar. Mälim bolşy ýaly, ynsanyň sözleýän sözi onuň edebini, adamkärçiligini, sowatlylygyny beýan edýär, çünki sözleýiş medeniýetli bolmagyň nusgasydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesle edep-terbiýe bermekde, olary kämil ynsan edip ýetişdirmekde ene diliniň örän ýokary orny bardyr. Şol sebäpli hem ene diline söýgi döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Mehriban ÖWLIÝAKULYÝEWA
Dänew etrabynyň 42-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy