Hindi diline bagyşlandy

12 Ýanwar 2024
486

Bütindünýä hindi dili güni mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda çäre geçirildi. Ol bu ýokary okuw mekdebi we Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Şeýle çäre bütin dünýäde hindi dilini tanatmak üçin geçirilýär. Dabaraly çäräni ýokary okuw mekdebiniň rektory hem-de Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi açdy.

Oňa diplomatik wekilhananyň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ýokary okuw mekdebiniň rektory öz çykyşynda Türkmenistanyň gadymy we baý medeniýete eýe bolan, adamzada ajaýyp şahsyýetleri beren Hindistanyň halkyna türkmen topragynda uly hormat goýulýandygyny aýtdy.

(Ýörite habarçymyz).