Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

14 Ýanwar 2024
594

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, sowatly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin düýpli işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze orta we ýokary okuw mekdepleriň sany artýar. Bu bolsa sanly bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri taýýarlamakda ýaşlaryň geljegi barada aladalardan aýdyň nyşandyr.

Sanly bilimiň durmuşa ornaşdyrylmagy, ylym-bilimiň ösdürilmegi netijesinde dürli ugurlarda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Ykdysady pudak boýunça zähmet çekjek hünärmenleriň ylym-bilimli bolmaklary esasy orunda durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösmegine goşant goşjak hünärmenleriň giň dünýägaraýyşly, bilimli bolmaklary möhümdir. Sanly ulgamy ösdürmekde bu hünärmenleriň taýýarlygy esasy orunda durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün sanly ulgamy, döwrebap tehnologiýalary oňat özleşdirýän ýaşlar kemala gelýär.

Altynaý ALLANAZAROWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.