Usuly-amaly okuwlar geçirildi

12 Ýanwar 2024
492

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynyň 3-9-y aralygynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgärleriniň «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen şygar astynda usuly-amaly okuwlar geçirildi. Aşgabat şäherindäki 29-njy çagalar bagynda hem geçirilen bu amaly okuwlara paýtagtymyzyň çagalar baglarynyň müdirleri bilen bir hatarda Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçylary gatnaşdy.

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» esasynda çagalar baglarynda okuw terbiýeçilik işlerini çuňlaşdyrmak boýunça tejribe alşyldy we ussat mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda döwlet bilim standartynyň okuw terbiýeçilik işlerinde berjay edilişini ösdürmekde alnyp barylýan işler dogry ýola goýlanda, gazanylýan netijeler barada aýdyldy.  

Ýalpyl MYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 158-nji çagalar bagynyň müdiri, Türkmenistanyň ussat mugallymy.