Şanly ýylyň hormatyna

15 Ýanwar 2024
463

Ýurdumyzda, şol sanda, biziň welaýatymyzda hem üstümizdäki okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji sapagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy. Şanly ýylymyz bilen adybir sapagyň dowamynda mugallymlar okuwçylara 2024-nji ýylyň mynasyp adynyň ähmiýeti dogrusynda düşünje berdiler we olar bilen pikir alyşdylar.

Munuň iňňän täsirli bolandygyny aýratyn nygtamak isleýäris. Çünki üstümizdäki ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň her setiri ýüreklerimizden orun alan şygry bilen adybir atlandyrylmagy ählimiziň arzuw-islegimiziň miwesi. Eýýäm okuwçylarymyz Milli Liderimiziň Magtymguly Pyraga bagyşlan goşgusyny ýatdan bilýärler. Biz okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagyna şol şygry okamak bilen girişdik. Pikir alyşmalarda bolsa şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk dabaralary giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň dünýäni haýran eden döredijiligi esasy mowzugymyz boldy.

Nurjemal NAZAROWA,
Saýat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.