Bilim ulgamy kämilleşýär

14 Ýanwar 2024
499

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, durmuşymyzyň mundan beýläk-de gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesle baglydygyny göz öňünde tutmak bilen, bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Bu ulgamyň mazmunynyň baýlaşmagyna gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Baky Bitarap ýurdumyzda pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimize esaslanyp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine daýanyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Ähli ulgamlarda zähmet çekýän ýaşlaryň zehin başarnygy, hünäri we başlangyçlary, işjeňligi, jemgyýet üçin zerur hünärleri ele almaga bolan islegleri höweslendirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim pudagynyň ösüş depgini has-da artmak bilendir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ählisinde, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, okatmagyň döwrebap hem täzeçe usullaryny özleşdirmek, şeýle-de olary okuw prosesine ornaşdyrmak ugrunda uly tagallalar durmuşa geçirilýär. Ýokary hünär bilim edaralaryny daşary ýurt döwletleriniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşmak babatynda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Olara: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti; Türkmen oba hojalyk instituty; Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk instituty; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty degişli bolup durýar.

Şirin Öwezberdiýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.