Dil bilen dünýäni gezer

14 Ýanwar 2024
605

Häzirki ajaýyp döwrümizde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň ylym-bilimine, hünär derejesine uly üns berilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilimleri öwrenmekleri, dünýä dillerini bilmekleri esasy ugur bolup durýar. Dünýä dillerindäki ylmy çeşmeleri özleşdirmek üçin daşary ýurt dillerini bilmegiň näderejede zerurdygy ýüze çykýar.

Daşary ýurt dilini öwrenmek, erkin sözleşip bilmek we ýazuw üsti bilen gerek bolan endikleri amal etmek bu ugruň kämilligini alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Dünýä tejribesine laýyklykda, daşary ýurt dilleriniň okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary kämilleşdirilip, olaryň öwredilişiniň hili ýokarlanýar. Esasan hem lingafon otaglarda sözleri diňlemek, aýdylyşyny öwrenmek we erkin sözleşip bilmek endiklerini kemala getirmek ýaly ugurlar ösdürilýär. Şeýle hem daşary ýurt dilleri öwredilende sözlükler bilen işlemäge-de uly üns berilýär. Sözlükler we kitaplar bilen işlemek talyplaryň diňe bir sözleýşini däl-de, eýsem, pikirleniş ukybyny-da ýokarlandyrýar. Şeýle hem sözlükler, kitaplar öwrenijä ýazuw endiklerini we kadalaryny öwrenmäge itergi berýär. Bu bolsa olaryň daşary ýurt dilini has-da kämil bilmeklerini, bilimli hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün edýär.

Jahansoltan ATAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.