"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Başlangyç synp okuwçylaryna daşary ýurt dillerini öwretmek

Ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş nesle bilim bermekde döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny döwrebap ösdürmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim işgärleri, mugallymlar ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin giňden alada edýärler. Bu ugurda mugallymlar tarapyndan okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär, bilim öwretmegiň milli ýörelgeleri ösdürilýär. Ýaş nesle bilim öwretmegiň usulyýeti esasynda sapagy guramak, okuwçylaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek her bir mugallymyň möhüm wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem okuwçylara sapagyň ähmiýetini düşündirmeli hem-de olaryň ünsüni çekmeli. Başlangyç synp okuwçylarynyň ünsüni çekmek üçin sapagy gyzykly geçirmek göz öňünde tutulýar. Sapakda interaktiw tagtanyň hyzmatyndan peýdalanmak döwrüň talabydyr. Okatmagyň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek, olary iş ýüzünde barlap görmek, çagalaryň bilimini, başarnygyny artdyrmak, kämilleşdirmek türkmen terbiýesiniň baş maksatlary bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Okatmagyň täze, öňdebaryjy usullary okuwçynyň okuw maglumatlaryny tiz we netijeli özleşdirmegine ýardam edýär. Okatmagyň adaty usullary bilen kompýuter arkaly okatmagy deňeşdirip görsek, onda kompýuteriň kömeginden peýdalanylyp guralan okuwyň täsirliligi hem netijeliligi

Ene dili — köňül kelamy

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda ylym-bilim, edebiýat hem ösdürilipdir we gymmatly golýazma çeşmeleri miras galypdyr. Hut şeýle golýazma çeşmeleri, nusgawy edebiýatymyzyň gymmatly hazynasy ene dilimiziň baýlygydyr. Dil baýlyklary nusgawy edebiýatlarda, kitaplarda saklanýar, halkyň sözleýşinde ösýär, özgerýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek milli terbiýäniň özeni bolup durýar. Ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza oňat düşünýän ýaşlar watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelýär. Milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmek we wagyz etmek edebiýatçylaryň, dilçi alymlaryň asylly ýörelgesine öwrüldi. Munuň özi ýaş nesillerimiziň ene dilimiziň baýlyklaryna düşünmeklerine, edebi dilde medeniýetli sözlemeklerine oňat ýardam edýär, çünki sözleýiş we sözleýiş medeniýeti adamyň lingwistik düşünjesiniň alamaty bolup durýar. Sözleýiş medeniýetiniň has kämil bolmagynda diliň baýlyklaryny, sözleriň manysyny kämil bilmek zerurdyr. Munuň özi sözleýän adamynyň dil medeniýeti, lingwistik düşünjesi bilen pugta baglanyşykly bolýar. Sözleýän adam diliň söz baýlyklaryna, many-mazmunyna oňat düşünýän bolsa, ol pikirini beýan etmegiň kämil usulyny ulanyp bilýär.

Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylym-bilimiň ähmiýeti uludyr

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Obadyr şäherlerde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär.

Bagtyýarlygyň buýsançly menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem täze ösüşlere eýe bolýar. 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, bilim bermek işini döwrebap derejede guramak, ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygy barada belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ylmyň soňky gazananlaryny düýpli öwrenmek, özleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda halkara derejesinde geçirilýän forumlaryň, maslahatlaryň ähmiýeti örän uludy

Her kimiň ne mukdar bolsa yhlasy...

Zähmetsöýerlik ynsany bezeýän, beýgeldýän, bagtly edýän häsiýetleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir. Diňe ertekidir rowaýatlarda däl, eýsem, durmuş hakykatlarynda hem bagtyň ýa-da bagtly döwranyň zähmet arkaly hasyl edilýändigi öwran-öwran nygtalýar. Il arasynda: «Ynsany üç zat — häsiýeti, eginbaşy hem-de çekýän zähmeti bezeýär» diýen pähim bar. Dogrudanam, ynsanyň görki-gelşigi zähmetde. Toý-tomgy, märekede bolnanda, durmuş tejribesi ýeterlik ýaşulularyň söhbetlerini diňlänimizde hem juda köp zatlary öwrenýäris. Ynsan öz ykbalyny zähmet bilen bezän halatynda, onuň öwüşgini, nury artyp başlaýar. Göwnügiňlik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk ýaly häsiýetler oňa hemra bolýar. Halal zähmetiň haýry-höziri hakda söz açylanda, dessine akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine salgylanýarys. Durmuşyň ähli taraplaryna akyl ýetirip bilen şahyr zähmet çekmegiň wajyplygyna aýratyn ünsi çekýär. «Ykbal her kime şonuň yhlasyna görä eçiler», «Köp işlän köp gazanar», «Yhlasly edilen işiň yrýasy bolmaz» ýaly çuňňur many-mazmunly setirler bizi yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Şahyr:

Beýik maksatlara badalga

Täze eýýamymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beden we ruhy taýdan kämil, ýokary hünärli, watansöýüji ýaş nesliň kemala getirilmegi döwlet syýasatynyň uzak geljegi nazarlaýan mähüm ugurlarynyň biridir. Çünki döwletimiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, ilkinji nobatda, geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň paýyna düşýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralandyrylýan döwründe bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden oňat baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, maliýe we ykdysadyýet boýunça halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem öz oňyn netijelerini berýär. Biz hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň joşgunly günlerinde bu ýokary okuw mekdebiniň öňdebaryjy ýaşlarynyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Gülnabat SAPAROWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallym-öwrenijisi:

Russiýanyň deňiz instituty türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew M.P.Dewýataýew adyndaky deňiz-derýa floty institutynyň direktory Ilýas Salahow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda rus tarapy deňiz-derýa ulagy pudagynda türkmen hünärmenleriniň hünär derjesini ýokarlandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdi. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika pudagynda eýeleýän möhüm orny nygtaldy.

Belent ynamdan ruhlanyp

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eseri hemmeler üçin gymmatly ýol-ýörelge bolup, onuň ýaşlara we olaryň geljekdäki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynda: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim» diýip bellemek bilen, maksatly ýaşaýşyň ynsan ömrüni bezeýändigini, ýaş nesilleri geljekki beýik işlere ruhlandyrýandygyny durmuşy-filosofik mazmunda çuňňur beýan edýär. Gözbaşyny taryhyň köklerinden alyp gaýdýan asylly ýörelgeler döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň esaslyk binýady hökmünde kesgitlendi. Ýaşlaryň watansöýüjilik, halallyk ýaly, ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegini hem-de häzirki zaman dünýäsiniň durnukly ösüşini, ekologiýa abadançylygyny gazanmak ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar. Şu jähetden, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýyl aýratyn taryhy ähmiýete eýe boldy. Ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuna ünsi çekmekde

Belent üstünlikleriň beýany

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz ösüşlere beslenýär. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, bilim ulgamyny özgertmäge, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Ähli pudaklary depginli ösdürmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak we ylym-bilimi ilerletmek boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Bu babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy ýaly ugurlary aýratyn görkezmek bolar. Bu bolsa ösüşleriň röwşen geljegini, aýdyň ýoluny üpjün edýär. Eziz Diýarymyzda bilimli nesil kemala gelýär, ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Bilim ulgamynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary ornaşdyrylýar, halkara ylym we bilim alyşmalary giňeldilýär, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk saklanýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde iňlis, nemes, fransuz, italýan, rus, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars, türk, hindi dilleri boýunça hünärmenler, mugallymlar taýýarlanylýar. Döwletiň ösmegi üçin ylymly nesiller kemala gelýär. Mugallymlaryň borjy bolsa bilim berýän ýaşlarynyň ylym-bilim derejesini has-da ösdürmekden ybaratdyr. Çünki her bir nesliň gadyr-gymmaty özünden soň nähili nesil ýetişdirendigi bilen kesgitlenilýär.

Milli gymmatlygymyza sarpa

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedew bilen didarlaşdy we gezelenç etdi. Şeýle ajaýyp pursatlary synlanymyzda, dünýäde iň naýbaşy tohumlaryň biri hasaplanylýan ynsan gylykly ahalteke bedewlerimize, milli atşynaslyk däpleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede hemmetaraplaýyn we ylmy esasda ösdürilýändigine buýsanç duýgulary kalbymyza doldy. Mälim bolşy ýaly, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Munuň özi arassa ganly ahalteke atlaryny gorap saklamakda, köpeltmekde hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk başlangyçlarynyň bu günki günde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Döwrebap özgertmeler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaş nesliň kämil bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak ýaly işler toplumlaýyn hem-de ylmy esasda durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olara nusgawy edebiýatymyzy öwretmek bilim işgärleriniň asylly maksatlary bolup durýar. Şeýle asylly maksatlaryň netijesinde açyk sapaklary guramak, okuwçylar bilen edebiýat boýunça duşuşyklary geçirmek işleri ýola goýulýar. Şunda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary hakynda söhbet edilýär. Okuwçylara akyldar şahyryň eserlerini wagyz etmek bilen bir hatarda, olarda ene dilimize bolan sarpany hem terbiýeleýäris. Çünki şahyryň döredijiliginde türkmen diliniň baý gymmatlyklary, gadymy nu

Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

Watanymyzyň bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, ilki bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň intellektual derejesini kämilleşdirmegi we sanly bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmegi maksat edinýär. Bilim ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan özgertmeleri netijesinde ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň täze, döwrebap binalary şäherçe görnüşinde gurlup, olar okatmagyň döwrebap usullaryny özünde jemleýän interaktiw-multimedia enjamlary, lingafon otaglary, okuw studiýalary, laboratoriýalar, okadylýan ugruna degişli okuw otaglary we enjamlary bilen üpjün edildi. Ähli ýokary okuw mekdeplerindäki kitaphanalaryň üsti elektron kitaphanalar bilen ýetirildi.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklarda sanly ulgamy ornaşdyrmakda, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakda, sanly ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşmakda biziň uniwersitetimiziň uly ähmiýeti bardyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Diýmek, biziň uniwersitetimizde öwrenilýän ähli hünärler geljekde ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda möhüm hünärler bolup durýar.

«Ekologik biotehnologiýa» ylmy-önümçilik merkezinde

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki daşky gurşawyň arassalygy adamyň saglygynyň hem girewidir. Şol sebäpli, okuwlar innowasion usullarda alnyp barylýan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak» taýýarlyk ugry boýunça hem hünärmenler ýetişdirilýär. Uniwersitetde geljekki ekolog hünärmenleriň döwrebap bilim almaklary, nazary okuwlarda alan bilimlerini dürli tejribeleriň üsti bilen kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilen. Okuw sapaklarynda hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatdaky döwlet syýasaty, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryndan rejeli hem netijeli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan işler barada çuňňur bilim berilýär. Uniwersitetiň çäginde hereket edýän «Ekologik biotehnologiýa» ylmy-önümçilik merkezinde talyplaryň ylmy işleri we taslamalary ýerine ýetirmekleri üçin hem giň mümkinçilikler döredilen. Bu ylmy-önümçilik merkezde talyplar «Zeý suwlaryny arassalamak we gaýtadan peýdalanmak», «Önümçilik kärhanalarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek we täze önümleri almak», «Iýilýän bioplastikleri taýýarlamak» ýaly ugurlar boýunça ylmy barlaglary we işleri alyp barýarlar

«Biotehnologiýa we genetika» ylmy-önümçilik merkezinde

«Biotehnologiýa we genetika» ylmy-önümçilik merkeziniň barlaghanalarynda dermanlyk ösümlikleriň fitohimiki düzümini öwrenmek, olaryň düzümindäki biologik işjeň maddalary bölüp almak we olaryň biologik täsirini molekulýar derejede öwrenmek boýunça birnäçe ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplaryna salgylanýarys. Fitohimiki birleşmeleri öwrenmek üçin UW-spektrofotometriýa, suwuklyk hromatografiýasy we başga-da köp sanly biohimiki we biofiziki usullardan peýdalanýarys. Biologik işjeň maddalary arassa görnüşinde bölüp almagyň hem dürli usullaryny gözläp tapýarys. Häzir barlaghanamyzda buýan kökünden arassa glisirrizin, üzärlik tohumyndan arassa garmalin alkaloidi, ýowşandan, narpyzdan, arçadan efir ýaglary, çomuç sakyzyndan biologik işjeň birleşmeler, tebigy iýmit boýaglary, naryň gabygyndan ganyň holesterinini peseldiji serişde, çopantelpek ekstraktyndan ingalýasiýa üçin ergin taýýarlanyldy. Mundan başga-da, farmasewtika senagaty üçin çig mal hökmünde çalymtyl sarygülüň, sitwar görnüşli ýowşanyň, sewersowyň egrijesiniň, dermanlyk tozganyň we başga-da birnäçe ösümlikleriň gury ekstraktlary alyndy. Dermanlyk ösümliklerden taýýar görnüşinde derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasyny hem öwrenýäris. Şonuň netijesinde, Ýaponiýa döwletine iki aýlyk iş saparynyň dowamynda

«Bionika we robot tehnikasy» ylmy-önümçilik merkezinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, edep-terbiýeli, beden taýdan sagdyn bolmagy, dürli hünärleri ele almagy we döredijilige gönükdirilmegi, ata Watana, halka, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli, bäsdeşlige ukyply, giň gözýetime eýe bolan we häzirki döwrüň bilimlerini ele alan ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça durmuşa geçirýän çäreleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde ylma esasy orun degişlidir. Ylym innowasiýanyň ýüze çykmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem ylmy-önümçilik merkezleri hereket edýär. Olaryň biri-de uniwersitetiň Kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň düzüminde döredilen «Bionika we robot tehnikasy» ylmy-önümçilik merkezidir. «Bionika we robot tehnikasy» ylmy-önümçilik merkezinde professor-mugallymlar talyp ýaşlar bilen bilelikde ylmy işleri alyp barýarlar.

Bagtyýar çagalygyň ýurdunda

Ýurdumyzda çagalaryň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi ugrundaky işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ene dünýäsiniň mährini ýüregine siňdirip kemala gelýän perzentler milletiň dowamatydyr, nesil daragtydyr. 2019-njy ýylyň dekabrynda enäniň, çaganyň we ýetginjekleriň saglygyny gorap saklamak babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa» kabul edildi. Şu resminama Türkmenistan döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan bagtly çagalygyň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdudyr» diýen parasatly sözlerinden görnüşi ýaly, bagta ýaran nesillerimiz eşret sakasynyň goýnunda ajap döwrana eýedirler. Dünýä nusgalyk şäher bolan Arkadag şäherinde edara binasy ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň ýüzlerçe çagalarynyň bejergi operasiýalaryny amala aşyryp, sagdyn jemgyýete goşulmagy üçin döredilen mümkinçilikler döwletli, haýyrly işler bolup, ýaş nesil hakyndaky aladanyň näderejede uludygyny gö

Milli terbiýe – görelde mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Zähmet adamy bagta ýetirýär. Her bir ynsan ýaşlykdan haýsydyr bir kesp-käri saýlaýar. Bilşimiz ýaly, islendik hünäre ýaşlykdan başlanylsa, hem-ä çalt öwrenmäge, hem-de ökde, ussat hünärmen bolup ýetişmäge ýardam berýär. Ýaş nahalyň berk we göni, owadan, gelşikli, saýaly, miweli bag bolup ýetişmegi üçin ekilen gününden başlap, oňa ideg etmeli. Şonuň üçin hem ýaşlara ene-atalar we mugallymlar oňat görelde görkezmeli, milli terbiýäniň ýörelgelerinden peýdalanmaly. Milli terbiýede görelde mekdebi esasy orunda durýar. Bu ilkinji nobatda ýaşlaryň görýän zady

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginde sanly ulgam, maglumat we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça okuw-sapak geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Şonuň üçin bu ugra aýratyn üns berilýär we döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň artmagyna, dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Ömürleriň şamçyragy

Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugry ýurduň sebitlerini gyradeň ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçen ýylyň ahyrynda halkymyza gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň esasy ýolgörkezijimiz we gollanmamyzdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky «Beýik işlere çakylyk», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Ýaş türkmen zenanlary — Berkarar döwletiň mertebe tugy», «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek», «Ýaşlar we şäher gurluşygy», «Watan goragy ynamly gollarda», «Milli mirasymyzyň eýeleri: edebiýat, sungat we ýaşlar», «Halkymyzy buýsandyran hoş habarlar — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri» bölümlerinde jemlenen maglumatlar bu ugurda amala aşyrylan beýik işleri aýdyň şöhlelendirýär. Kitabyň sahypalarynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň bilimde, ylymda, sport äleminde, gurluşykda, oba hojalygynda, saglyk we beýleki ulgamlarda gazanan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Onda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek