Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

28 Ýanwar 2024
925

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklarda sanly ulgamy ornaşdyrmakda, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmakda, sanly ykdysadyýetiň ösmegine goşant goşmakda biziň uniwersitetimiziň uly ähmiýeti bardyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Diýmek, biziň uniwersitetimizde öwrenilýän ähli hünärler geljekde ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda möhüm hünärler bolup durýar.

Maral BEKIÝEWA,
Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň uly mugallymy.