Ömürleriň şamçyragy

24 Ýanwar 2024
484

Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugry ýurduň sebitlerini gyradeň ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçen ýylyň ahyrynda halkymyza gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby biziň esasy ýolgörkezijimiz we gollanmamyzdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky «Beýik işlere çakylyk», «Nurana geljegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatymyzyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Ýaş türkmen zenanlary — Berkarar döwletiň mertebe tugy», «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek», «Ýaşlar we şäher gurluşygy», «Watan goragy ynamly gollarda», «Milli mirasymyzyň eýeleri: edebiýat, sungat we ýaşlar», «Halkymyzy buýsandyran hoş habarlar — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri» bölümlerinde jemlenen maglumatlar bu ugurda amala aşyrylan beýik işleri aýdyň şöhlelendirýär. Kitabyň sahypalarynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň bilimde, ylymda, sport äleminde, gurluşykda, oba hojalygynda, saglyk we beýleki ulgamlarda gazanan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Onda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýlip bellenilýär. Kitapda ýokary okuw mekdebimiziň ýaşlarynyň ýurdumyzyň ösüşine goşan goşandy barada maglumatlaryň barlygy bizi diýseň buýsandyrýar hem-de täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jemgyýetimiziň bitewüligini, jebisligini, halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny giňden beýan edýän bu kitaby ähli halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.

Swetlana HOJANAZAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.